61

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplarynyň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda duşuşygy geçirildi

Kardiologiya merkezi

2026-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Sebitde ilkinji akylly Arkadag şäherde Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň döredilmegi atçylygy ylmy esaslarda öwrenmäge uly itergi berýär” diýip aýdanlaryndan ugur alyp, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplarynyň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlary hem-de Türkmen atlary Döwlet birleşiginiň Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleri bilen duşuşygy geçirildi. 

Duşuşykda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlary talyplara dünýä medeniýetiniň genji-hazynasy bolan ahalteke atlary barada täsirli gürrüň berdiler. Ýola goýulan Ahalteke atlarynyň kömegi bilen saglygy dikeltmek usullaryň biri bolan – ippoterapiýanyň ähmiýetini amalýetde görmeklik lukman-talyplarda aýratyn täsir galdyrdy. Türkmen atlary Döwlet birleşiginiň Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň döwrebap abzallaşdyrlan barlaghana bölüminde ahalteke atlarynyň gan aýlanyş, dem alyş, iýmit siňdiriş ulgamlarynyň işjeňliginiň ylmy taýdan öwrenilişi barada bölümiň hünärmenleri giňişleýin durup geçdiler. Iki ýokary okuw mekdepleriň mugallymlarynyň we talyplarynyň arasynda geçen pikir alyşmalaryň dowamynda “Owazasy ýedi yklyma ýaýran” be­dew­le­re be­lent sar­pa goý­ulýan ýurdumyzda mil­li at­çy­lyk spor­tu­nyň ös­dü­ril­me­gi­ üçin giň mümkinçilikleri döredilýändigi barada, mu­nuň özi türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy­ny go­rap sak­la­mak we ös­dür­mek ba­bat­da ta­gal­la­la­ra gol­daw ber­mek­den, ahal­te­ke at­la­ry­nyň ta­ry­hy­ny öw­ren­mek­den, ýaş ne­sil­le­re ýe­tir­mek­den yba­rat­dygy barada aýratyn bellenildi.