Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplarynyň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Sebitde ilkinji akylly Arkadag şäherde Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň döredilmegi atçylygy ylmy esaslarda öwrenmäge uly itergi berýär” diýip aýdanlaryndan ugur alyp, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplarynyň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlary hem-de Türkmen atlary Döwlet birleşiginiň Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleri bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlary talyplara dünýä medeniýetiniň genji-hazynasy bolan ahalteke atlary barada täsirli gürrüň berdiler. Ýola goýulan Ahalteke atlarynyň kömegi bilen saglygy dikeltmek usullaryň biri bolan – ippoterapiýanyň ähmiýetini amalýetde görmeklik lukman-talyplarda aýratyn täsir galdyrdy. Türkmen atlary Döwlet birleşiginiň Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň döwrebap abzallaşdyrlan barlaghana bölüminde ahalteke atlarynyň gan aýlanyş, dem alyş, iýmit siňdiriş ulgamlarynyň işjeňliginiň ylmy taýdan öwrenilişi barada bölümiň hünärmenleri giňişleýin durup geçdiler. Iki ýokary okuw mekdepleriň mugallymlarynyň we talyplarynyň arasynda geçen pikir alyşmalaryň dowamynda “Owazasy ýedi yklyma ýaýran” bedewlere belent sarpa goýulýan ýurdumyzda milli atçylyk sportunyň ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikleri döredilýändigi barada, munuň özi türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak we ösdürmek babatda tagallalara goldaw bermekden, ahalteke atlarynyň taryhyny öwrenmekden, ýaş nesillere ýetirmekden ybaratdygy barada aýratyn bellenildi.