Announcements

Last announcements

📅 20.10.2026

«Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi: halkara tejribe we ösüşiň geljekki ugurlary» atly III halkara ylmy-amaly maslahat

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlaryny 2026-njy ýylyň 27-nji noýabrynda utgaşykly görnüşinde geçiriljek «Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi: halkara tejribe we ösüşiň geljekki ugurlary» atly III halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga çagyrýar. Bu maslahatyň özara bähbitli ylmy we amaly bilimleri we tejribäni öwrenmäge mümkinçilik döretjekdigine ynanýarys.Maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler çykyşlarynyň tezislerini 2026-njy ýylyň 12-nji noýabryna çenli şu aşakdaky elektron poçta ibermeli:tsiem.conference@gmail.comMaslahatyň iş dilleri: türkmen, iňlis we rus. Halkara ylmy-amaly maslahat 3 sany bölümde geçiriler: I bölüm. Ykdysadyýeti durnukly ösdürmegiň geljekki ugurlary.II bölüm. Ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmekde maliýe mehanizminiň orny.III bölüm. Ykdysadyýetiň durnukly ösüşinde menejmentiň we marketingiň orny. Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmak üçin tezisleri, annotasiýalary we çykyşlary Guramaçylyk toparyna ýollamaly (5-10 minutlyk çykyş, nutugyň gysgaça beýanynyň möçberi 1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly, şrifti — Times New Roman, ölçegi — 14 pt, setir arasy — 1).Tapawutlanan tezisleri çap etmek hukugy Guramaçylyk toparyna degişlidir.Maslahat bilen baglanyşykly goşmaça maglumatlar we bildirişler institutyň https://tsiem.edu.tm/ web-saýtynda ýerleşdiriler.Habarlaşmak üçin maglumatlar:telefon: (+99312) 48-62-71, +99365 65 55 35elektron poçta: tsiem.conference@gmail.comTezislere talaplar.docx

Detail ›
📅 19.10.2026

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti 2026-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Hasyl toýy mynasybetli sanly ulgam arkaly geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga çagyrýar

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti 2026-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Hasyl toýy mynasybetli sanly ulgam arkaly geçiriljek “Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi” atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga çagyrýar. Ylmy-amaly maslahatyň iş dilleri: türkmen, iňlis we rus. Ylmy-amaly maslahatyň tematik ugurlary: 1. Agronomçylyk, bagbançylyk we ekologiýa; 2. Oba hojalyk önümlerini öndürmek we gaýtadan işlemek tehnologiýasy; 3. Zootehniýa we weterinar lukmançylygy; 4. Agrosenagat toplumynda ykdysadyýet we dolandyryş; 5. Agroinženerçilik; 6. Oba hojalyk uniwersitetinde ynsanperwer we matematika ylymlary; 7. Ýeňil we dokma senagaty; 8. Suw gorlaryny dolandyrmakda we ulanmakda innowasion tehnologiýalar. Maslahata gatnaşmagyň görnüşleri: çykyş bilen uzak aralykdan (distansion) gatnaşmak ýa-da gaýybana gatnaşmak. Ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler zerur maglumatlary tabşyrmak üçin degişli şertleri we talaplary berjaý etmelidirler. Ylmy-amaly maslahata gatnaşmagyň şertleri: 1. Maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänleriň her biri diňe bir nutuk hödürläp biler we awtorlar ikiden köp bolmaly däldir. Işiň mazmuny özbaşdak ylmy-barlag häsiýetli we ady bilen kybapdaş bolmaly. 2. Maslahata gatnaşmak üçin nutugyň gysgaça beýany we annotasiýalary taýýarlanylmaly. Nutugyň gysgaça beýany ylmy-amaly maslahatyň iş dilleriniň birinde, annotasiýalar bolsa beýleki iki dilde bolmaly. 3. Maslahata daşary ýurtly gatnaşyjylaryň nutuklarynyň annotasiýalarynyň terjimeleri Guramaçylyk topary tarapyndan ýerine ýetiriler. 3.1 Maslahata ýerli gatnaşyjylar annotasiýanyň iňlis we rus dillerine terjimelerini ýokary okuw mekdepleriniň degişli kafedralarynda ýa-da terjime edaralarynda tassyklatmaly. 4. Daşary ýurtly gatnaşyjylar maslahatda etjek çykyşlarynyň tekstini taýýarlamaly we Guramaçylyk toparyna ibermeli (5-10 minutlyk çykyş, 5-6 sah.). 5. Maslahata ýerli gatnaşyjylaryň ylmy işiniň gysgaça beýany we annotasiýalar awtoryň işleýän edarasynda seredilmeli we Guramaçylyk toparyna iberilmeli. Hata nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalaryň elektron görnüşleri goşulmaly. 6. Iberilen resminamalaryň mazmunyna awtorlar şahsy jogapkärçilik çekýärler. 7. Maslahata gatnaşmak üçin hasaba alnyş görnüşi doldurylmaly (adaty şrift, Times New Roman, 12 pt): 1Familiýasy 2Ady 3Atasynyň ady 4Wezipesi 5Alymlyk derejesi, ady 6Işleýän ýeriniň doly ady 7Işleýän ýeriniň salgysy (poçta indeksini hem görkezmeli) 8Iş telefony, elektron salgysy 9Nutugyň ady 10Nutugyň tematiki ugry 11Nutuk haýsy dilde taýýarlandy 12Maslahata gatnaşmagyň görnüşi 8. Daşary ýurtly gatnaşyjylar hasaba alnyş görnüşini, degişli resminamalary, ylmy işiň gysgaça beýanyny, annotasiýasyny we dokladyny elektron görnüşde aşakdaky elektron salga ýollamaly: science.tm2024@gmail.com Nutuklaryň gysgaça beýanlaryna we annotasiýalaryna bildirilýän talaplar: 1. Nutugyň gysgaça beýanynyň möçberi A4 (210×297 mm) formatda 1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň her biriniň möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly. 2. Sahypa ölçegleri: ýokary we aşak taraplarda – 2,0 sm, çep tarapda – 2,5 sm, sag tarapda – 1,5 sm. Oriýentasiýasy – “kitap” görnüşli, şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1. 3. Ylmy işiň aýratynlyklaryna baglylykda nutugy şekiller, formulalar we tablisalar görnüşinde beýan etmäge ýol berilýär. Bu ýagdaýda her bir şekil sahypanyň görkezilen ölçeglerinden çykmaly däl, şrifti bolsa 14-den kiçi bolmaly däl. Nutugyň gysgaça beýanynyň umumy göwrümi şekiller, formulalar we tablisalar bilen bilelikde A4 formatdaky 1,5 sahypadan geçmeli däl. 4. Maslahata elektron görnüşde tabşyrylýan ähli materiallar diňe Word for Windows formatynda kabul edilýär (doc we docx giňeltmesi bilen). 5. Nutugyň gysgaça beýany we annotasiýalar bir faýlda saklanylmaly hem-de aşakdaky görnüşde bolmaly: - awtoryň ady, familiýasy sahypanyň sag gyrasy boýunça deňlemek bilen 14-lik şriftde setir harplar bilen goýy gara ýazylmaly, döwletiň ady ýaýyň içinde görkezilmeli; - eger nutugyň iki awtory bar bolsa, ilki çykyş edýäniň ady, familiýasy görkezilmeli; - nutugyň, gysgaça beýanyň we annotasiýalaryň atlary baş harplar bilen 16-lyk şriftde goýy gara görnüşde ýazylmaly we setiriň merkezi boýunça deňlenilmeli; - nutugyň gysgaça beýanynyň tekstini ýazmazdan öň 1 setir goýbermeli. 6. Nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalaryň tekstleri setiriň ini boýunça deňlenilmeli. Matematiki deňlemeler degişli formula redaktorlarynyň kömegi bilen ýazylmaly. 7. Nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalarynyň sahypalary belgilenilmeýär. 8. Iş tabşyrylandan soňra hödürlenilen düzedişler we goşundylar kabul edilmeýär. 9. Guramaçylyk toparynyň karary boýunça iş ylmy-amaly maslahata goýberilmän bilner. 10. Tabşyrylan resminamalar yzyna gaýtarylmaýar. 11. Ylmy-amaly maslahata gatnaşmak üçin degişli resminamalar, nutuklaryň gyçgaça beýanlary we annotasiýalary 2026-njy ýylyň 5-nji oktýabryna çenli kabul edilýär. 12. Bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän we bellenilen möhletden soň tabşyrylan işlere seredilmeýär. 13. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe, 143-nji jaý. 14. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +99365647291; +99362360336; +993 12 34-26-80. Üns beriň! - Nutugyň gysgaça beýany we annotasiýalar bir faýlyň içinde ýerleşdirilmeli. Faýlyň ady çykyş edýäniň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «tez» diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin, çykyş edýän – Ataýew Nurmyrat, faýlyň ady – «Ataýew N. tez». Nutuk aýratyn faýlda iberilmeli. - Hasaba alnyş görnüşleri nutugyň ähli awtorlary tarapyndan doldurylýar we bir faýlda ýerleşdirilýär. Ilki bilen, ylmy-amaly maslahatda çykyş edýäniň, soňra awtordaşyň hasaba alnyş görnüşleri ýerleşdirilýär. Hasaba alnyş maglumaty üçin faýlyň ady awtoryň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «reg» diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin, «Ataýew N. reg». - Faýllary arhiwlemeli däl! Halkara ylmy-amaly maslahatyň Guramaçylyk topary

Detail ›
📅 19.10.2026

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak – ykdysady ösüşleriň özeni» atly II halkara internet olimpiadasy barada bildiriş

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy 2026-njy ýylyň noýabr aýynyň 28-ne ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sanly ulgam arkaly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak – ykdysady ösüşleriň özeni” atly II halkara internet olimpiadasyna gatnaşmaga uly hormat bilen çagyrýar. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak – ykdysady ösüşleriň özeni» atly II halkara internet olimpiadasynyň geçirilmeginiň esasy maksady ýaş nesliň ykdysady düşünjelerini has-da giňeltmekden, olara dünýäde parahatçylygy we birek-birege bolan ynanyşmagy berkitmegiň zerurlygyny wagyz etmekden şeýle hem parahatçylygyň we birek-birege bolan ynanyşmagyň ykdysady ösüşdäki möhüm ornuny görkezmekden, netijede ýaşlaryň döredijilikli, ykdysady taýdan pikirlenmek ukyplaryny has-da ösdürmekden ybaratdyr. Olimpiadanyň resmi iş dilleri türkmen, rus we iňlis dilleridir. Internet olimpiadasynyň ýumuşlary Makroykdysadyýet, Dünýä ykdysadyýeti, Aýlawly ykdysadyýet we Halkara ykdysady gatnaşyklar derslerine degişli test soraglaryndan ybarat bolar. Bäsleşigiň ýeňijileri Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory tarapyndan I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanar. Olimpiada sanly ulgam arkaly Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň www.ihba.edu.tm salgysynda ýerleşýän onlaýn platformasynda geçiriler. Olimpiada gatnaşmak üçin dalaşgärleri hasaba almak hem şu platformanyň üsti bilen 2026-njy ýylyň 24-nji noýabryna çenli amala aşyrylýar. Habarlaşmak üçin: Tel: +99364 14 08 87; +99361 81 05 70 e-mail: ihba.olimpiad@gmail.com, haa.akademiya@gmail.com

Detail ›
📅 17.10.2026

Ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry dö­re­di­ji­lik ba­şar­ny­gy bo­lan ze­hin­li ça­ga­la­ry­na Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi­niň Gul­ba­ba adyn­da­ky Ça­ga­lar baý­ra­gy­ny ber­mek ha­kyn­da DÜZ­GÜN­NA­MA

Hor­mat­ly Prezidentimiziň öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de döw­let­li-döw­ran­ly Di­ýa­ry­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan her bir tu­tum­ly iş­ler ýur­du­my­zyň ýaş­la­ry bi­len bir ha­tar­da, bag­ty­ýar ça­ga­la­ryň aja­ýyp dur­mu­şy, gel­je­gi üçin amala aşy­ryl­ýar. Bu gün­ki gün ýaş nes­liň iň kä­mil en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len ça­ga­lar bag­la­ryn­da ter­bi­ýe­len­me­gi, ak mer­me­re bes­le­nen mek­dep­ler­de bi­lim al­ma­gy üçin uly müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi ola­ryň bag­ty­ýar gel­je­gi­niň ke­pi­li­dir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baş­tu­tan­ly­gyn­da ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň syn­maz sü­tü­ni­ne, röw­şen er­ti­ri­ne de­ňel­ýän ça­ga­la­ryň bagt­ly gel­je­gi ug­run­da çäk­siz ala­da­lar edil­ýär. Çün­ki Ga­raş­syz Türk­me­nis­tan dur­mu­şy­my­zyň gül­le­ri, ýü­rek­le­ri­mi­ziň ör­ki bo­lan eziz ça­ga­la­ryň, ýaş ne­sil­le­riň äh­li ar­zuw­la­ry­nyň my­rat tap­ýan ýur­du­dyr. Şo­nuň üçin hem ýur­du­myz­da ola­ryň äh­li ba­bat­da kä­mil, ylym­ly, bi­lim­li, berk be­den­li şah­sy­ýet­ler bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri ug­run­da uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.Hor­mat­ly Prezidentimiziň: «Gahryman Arkadagymyzyň nus­ga­lyk iş­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­tan bagt­ly ça­ga­ly­gyň ýur­du­na we ar­zuw­la­ryň ha­syl bol­ýan ül­ke­si­ne öw­rül­di» di­ýen ga­nat­ly söz­le­rin­den ugur alyp, ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän jem­gy­ýet­çi­lik iş­le­ri­ne işeň­ňir gat­na­şyp, bag­ty­ýar döw­rü­mi­zi wasp et­mek­de ýo­ka­ry dö­re­di­ji­lik ba­şar­ny­gy­ny, iş­jeň­li­gi­ni gör­kez­ýän, milli me­de­ni­ýe­ti­mi­zi, aý­dym-saz sun­ga­ty­my­zy ös­dür­mek­de öz go­şant­la­ry­ny goş­ýan, ýo­ka­ry dö­re­di­ji­lik ba­şar­ny­gy bo­lan ze­hin­li ça­ga­la­ry we ça­ga­la­ryň dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­ny sy­lag­la­mak mak­sa­dy bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi Gul­ba­ba adyn­da­ky Ça­ga­lar baý­ra­gy­ny yg­lan ed­ýär.I. Umu­my düz­gün­ler1. Gul­ba­ba adyn­da­ky Ça­ga­lar baý­ra­gy­na türk­me­niň milli saz gu­ral­la­ryn­da halk aý­dym-saz­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­ýän, dö­re­di­ji­li­giň dür­li ugur­la­ry bi­len iç­gin iş sa­lyş­ýan, okuw ders­le­rin­de aý­ra­tyn ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny gör­kez­ýän, sport ýa­ryş­la­ryn­da, dür­li bäs­le­şik­ler­de ýe­ňi­ji bo­lan ça­ga­lar we ýet­gin­jek­ler, şeý­le hem ça­ga­lar aý­dym-saz we tans to­par­la­ry ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­ri, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry, jem­gy­ýet­çi­lik guramalary, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri we or­ta mek­dep­le­ri, ça­ga­lar bag­la­ry ta­ra­pyn­dan bu baý­ra­ga hö­dür­le­nip bil­ner.2. Resminamalarda baý­ra­ga hö­dür­len­ýän ça­ga­la­ryň, ýet­gin­jek­le­riň ýa-da ça­ga­lar dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň soň­ky 3 (üç) ýy­lyň do­wa­myn­da ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri, dö­re­di­ji­lik iş­le­ri, gu­ra­ma­çy­lyk ba­şar­ny­gy, jem­gy­ýet­çi­lik iş­jeň­li­gi ba­ra­da tas­syk­la­nan resminamalar we de­lil­ler hem-de ola­ryň Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi­niň Gul­ba­ba adyn­da­ky Ça­ga­lar baý­ra­gy­na hö­dür­len­ýän­di­gi ha­kyn­da ter­bi­ýe al­ýan we oka­ýan ýer­le­ri­niň ýa-da guramalaryň, ýer­li ge­ňeş­le­riň dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň umu­my mas­la­ha­ty­nyň ka­ra­ry­nyň bol­ma­gy hök­man­dyr.3. Baý­ra­ga hö­dür­len­ýän­le­riň ýa­şy 16-dan ýo­ka­ry bol­ma­dyk, şeý­le hem ça­ga­lar dö­re­di­ji­lik to­pa­ry­nyň dö­re­di­len wag­ty 3 ýyl­dan az bol­ma­ly däl­dir.4. Bu baý­ra­ga öň my­na­syp bol­ma­dyk ça­ga­lar, ýet­gin­jek­ler we ça­ga­lar dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry (tu­tuş to­pa­ryň özi) hö­dür­le­nil­me­li­dir.5. Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi­niň Gul­ba­ba adyn­da­ky Ça­ga­lar baý­ra­gy­na hö­dür­len­ýän­le­riň resminamalary şu Düz­gün­na­ma met­bu­gat­da çap edi­len gü­nün­den baş­lap, bir aýyň do­wa­myn­da ka­bul edil­ýär.6. Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň et­rap, şä­her ge­ňeş­le­ri baý­ra­ga hö­dür­le­nen­le­riň için­den iň my­na­syp­la­ry­ny saý­lap-se­çip, ola­ry öz mej­lis­le­ri­niň ka­rar­la­ry bi­len 2026-njy ýy­lyň no­ýabr aýy­nyň 15-ine çen­li Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň we­la­ýat hem-de Aş­ga­bat, Arkadag şä­her ge­ňeş­le­ri­ne tab­şyr­ýar­lar. Bu ge­ňeş­ler hem öz mej­lis­le­rin­de bu me­se­lä se­re­dip, okuw­da, zäh­met­de, jem­gy­ýet­çi­lik iş­le­rin­de has ta­pa­wut­la­nan ça­ga­la­ry Gul­ba­ba adyn­da­ky Ça­ga­lar baý­ra­gy­na hö­dür­le­mek ba­ra­da ka­rar­la­ry ka­bul ed­ýär­ler. Şon­dan soň­ra we­la­ýat we Aş­ga­bat, Arkadag şä­he­ri bo­ýun­ça saý­la­nyp al­nan ça­ga­la­ryň resminamalary şol ka­rar­lar bi­len bi­le­lik­de Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi­niň mej­li­si­niň ga­ra­ma­gy­na hö­dür­le­nil­ýär.II. Resminamalaryň taý­ýar­la­ny­ly­şy1. Baý­ra­ga hö­dür­len­ýän ça­ga­la­ryň, ýet­gin­jek­le­riň her bi­ri üçin resminamalar iki nus­ga­da taý­ýar­la­nyl­ýar. Resminamalar baý­ra­ga hö­dür­le­ýän de­giş­li eda­ra­lar, or­ta mek­dep­le­ri, Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň et­rap, şä­her, we­la­ýat ge­ňeş­le­ri ta­ra­pyn­dan tas­syk­la­ny­lan bol­ma­ly we ola­ryň sa­na­wy bel­le­ni­len ter­ti­be la­ýyk­lyk­da bir buk­ja­da ýer­leş­di­ril­me­li.2. Resminamalarda baý­ra­ga hö­dür­len­ýän­le­riň ady, ata­sy­nyň ady, fa­mi­li­ýa­sy, dog­lan ýy­ly, aýy, gü­ni, mil­le­ti, öý sal­gy­sy dog­luş ha­kyn­da­ky şa­ha­dat­na­ma bo­ýun­ça dog­ry ýa­zyl­ma­ly hem-de onuň oka­ýan ýe­ri we syn­py do­ly gör­ke­zil­me­li.3. Baý­ra­ga hö­dür­len­ýän dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry hem şol to­par­la­ra gat­naş­ýan ça­ga­la­ryň ýaş aý­ra­tyn­ly­gy we to­pa­ryň ýol­baş­çy­sy ba­ra­da anyk mag­lu­mat­la­ry ber­me­li.III. Ka­bul edil­ýän resminamalaryň sa­na­wy1. Baý­ra­ga hö­dür­len­ýän­le­riň 3x4 möç­ber­dä­ki 2 (iki) sa­ny reňk­li fo­to­su­ra­ty, şah­sy res­mi­na­ma­sy, ter­ji­me­ha­ly, dog­luş ha­kyn­da­ky şa­ha­dat­na­ma­sy­nyň nus­ga­sy bol­ma­ly (iki nus­ga­dan).2. Res­mi­na­ma­da baý­ra­ga hö­dür­len­ýän­le­riň ýa-da to­pa­ryň işi­ne jem­gy­ýet­çi­lik ta­ra­pyn­dan yk­rar edi­len­di­gi ba­ra­da­ky subutnamalar, ýag­ny baý­ra­ga hö­dür­len­ýä­niň ýa-da to­pa­ryň çy­kyş­la­ryn­da, dö­re­di­ji­lik iş­le­rin­de soň­ky 3 ýy­lyň (2024ý, 2025ý, 2026ý) için­de ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri üçin ber­len Hor­mat hat­la­ry­nyň, dip­lom­la­ryň we beý­le­ki baý­rak­la­ryň nus­ga­la­ry, şeý­le hem onuň eden çy­kyş­la­ry­ny we bi­ti­ren iş­le­ri­ni gör­kez­ýän fo­to­su­rat­lar, wi­deo-au­dio ýaz­gy­lar ýer­leş­di­ri­len elekt­ron mag­lu­mat gö­te­ri­ji­ler (Flash-kar­ta) hem-de met­bu­gat­da çap edi­len dö­re­di­ji­lik iş­le­ri­niň nus­ga­la­ry bol­ma­ly.3. Baý­ra­ga hö­dür­le­ýän eda­ra-kär­ha­na­la­ryň, guramalaryň, mek­dep­le­riň we dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň hö­dür­na­ma­sy, hä­si­ýet­na­ma­sy we Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň et­rap, şä­her, we­la­ýat ge­ňeş­le­ri­niň ýyg­na­gy­nyň mej­lis­le­ri­niň be­ýa­nyn­dan gö­çür­me­ler gol çe­ki­lip, mö­hür ba­sy­lyp, tas­syk­la­nan bol­ma­ly.IV. Baý­ra­gyň ne­ti­je­le­ri­ni jem­le­me­giň ter­ti­bi1. Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň ýer­li ge­ňeş­le­ri we­la­ýat­lar­dan we Arkadag hem-de Aş­ga­bat şä­her­le­rin­den Gul­ba­ba adyn­da­ky Ça­ga­lar baý­ra­gy­na hö­dür­len­ýän ça­ga­lar we ça­ga­lar dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry 2026-njy ýy­lyň de­kabr aýy­nyň 1-ine çen­li Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi­ne iber­me­li.2. Baý­ra­ga hö­dür­le­nen ýaş ýet­gin­jek­le­riň dü­zü­mi Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan tas­syk­la­nan ýö­ri­te to­par dö­re­di­lip, to­pa­ryň Mej­li­si­niň ga­ra­ma­gyn­da se­re­dil­ýär. Mej­lis­de saý­la­nyp al­nan, my­na­syp bo­lan ça­ga­lar we ça­ga­lar dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­na Gul­ba­ba adyn­da­ky Ça­ga­lar baý­ra­gy­ny ber­mek ba­ra­da jem­leý­ji ka­rar ka­bul edil­ýär.3. Gul­ba­ba adyn­da­ky Ça­ga­lar baý­ra­gy­nyň gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­sy Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy my­na­sy­bet­li 2027-nji ýy­lyň ýan­war aýy­nyň bi­rin­ji ongün­lü­gin­de ge­çi­ri­ler hem-de bu baý­ra­ga my­na­syp bo­lan ça­ga­la­ra we ça­ga­lar dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­na Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi­niň şahadatnamalary we gym­mat ba­ha­ly sow­gat­la­ry gow­şu­ry­lar.Ha­bar­laş­mak üçin te­le­fon bel­gi­si:44-88-55.Çeşmesi:Türkmenmetbugat

Detail ›
📅 26.09.2026

Ashgabat Brings Together International Experts in Healthcare, Education and Sports

On October 10-12, 2026, the Exhibition Center of the Chamber of Commerce and Industry of Turkmenistan will host the International Exhibition and Scientific Conference “Healthcare, Education and Sports in the Era of the Revival of the New Epoch of the Powerful State”. The event will bring together companies, experts, specialized organizations, and industry representatives from Turkmenistan and abroad. The main focus of the exhibition will be on modern technologies, new solutions, the exchange of experience, and the development of international cooperation. Over three days, the event will feature an exhibition, B2B and B2G meetings, expert discussions, presentations of new technologies, and master classes. The healthcare section will cover: internal medicine, neurology and rehabilitation, cardiology, modern clinical protocols in cardiology and cardiac surgery, oncology, ophthalmology, infectious diseases, maternal and child health, surgery, public health and epidemiology, digital medicine, laboratory and functional diagnostic investigations, pathophysiological aspects of non-communicable diseases and the physiology of a healthy organism, plastic and reconstructive surgery, and aesthetic medicine. The education section will cover: innovative technologies in the education system, improving the teaching of foreign languages as an important objective of educational policy, science and innovative technologies, the training of highly qualified specialists, and the digital economy as an important condition for sustainable development. The sports and science section will cover: innovative technologies in the sports system, approaches to preparing national teams for upcoming Olympic Games, Olympic philosophy and the promotion of a healthy lifestyle, natural and exact sciences, and innovative technologies. From medical technologies and pharmaceuticals to educational programs, sports equipment, fitness, and rehabilitation, participants will have the opportunity to showcase their solutions, establish direct business contacts, and explore new opportunities for cooperation in Turkmenistan. Three directions. Three days. One international platform. For more information about the event: contact@turkmenexpo.com; saglyk.turkmenexpo.com

Detail ›
📅 14.09.2026

Meteorologiýa we klimatologiýa boýunça I internet ders bäsleşigi

I. Umumy düzgünler Şu Düzgünnama ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Meteorologiýa we klimatologiýa boýunça I internet ders bäsleşigini (mundan beýläk - bäsleşik) guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär. Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine sazlaşykly aralaşýan döwründe esasy mesele hökmünde Garaşsyz Watanymyza, mähriban halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýiti zehinli, ukyply we başarjaň ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Bäsleşigiň guraýjysy hökmünde Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasy çykyş edýär. Bäsleşigiň geçirilýän möhletleri we geçirmegiň şertleri institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine goýulýar.II. Bäsleşigiň maksady we wezipeleri Bäsleşik talyplaryň taýýarlygynyň hilini kesgitlemek, olaryň bilimlerini we başarnyklaryny berkitmek we çuňlaşdyrmak hem-de döredijilik ösüşini höweslendirmek maksady bilen geçirilýär. Bäsleşigiň maksady:ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek we özara bähbitli ylmy maglumatlary alyş-çalyş etmek;ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň bilelikde ylmy pikir alyşmalaryny guramak;hünärmenleri taýýarlamakda Meteorologiýa hem-de Klimatologiýa dersleriniň ähmiýetine düşünmek;talyplaryň döredijilik işjeňligini höweslendirmek, özbaşdak işlemek endiklerini ýokarlandyrmak we giňişleýin pikirlenmäni ösdürmek;talyplary taýýarlamagyň hilini kesgitlemek, nazary we amaly okuwlarda alnan bilimlerini we başarnyklaryny berkitmek;önümçilik we gözleg işlerinde ýüze çykýan ylmy hem-de amaly meseleleri derňemäge ukyply ýaş hünärmenleri ýetişdirmek;halkara bäsleşiklerde ýokary okuw mekdebiniň adyndan üstünlikli wekilçilik edip bilýän zehinli talyplary kesgitlemek we goldamak;hünär taýdan taýýarlygyny ýokarlandyrmak.III. Bäsleşigiň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi Bäsleşigi guramak we geçirmek boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin Guramaçylyk topary döredilýär. Guramaçylyk topary:ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda bu bäsleşigi geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de ony guramak we geçirmek boýunça guramaçylyk işleri alyp barýar;bäsleşigi geçirmegiň tertibini we möhletini kesgitlemek boýunça teklipleri taýýarlaýar.IV. Bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň tertibi 4.1. Bäsleşige Türkmenistanyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň dürli ugurlarynyň, hünärleriniň ýokary bilim maksatnamalary boýunça okaýan 2-nji, 3-nji,          we 4-nji talyplary gatnaşyp bilerler. 4.2. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän ýokary okuw mekdebi düzümi 5 (bäş) sany talypdan köp bolmadyk toparyň we olaryň ýolbaşçy mugallymynyň maglumatlaryny (fakulteti, hünäri, ýyly, familiýasy we ady, ýolbaşçy mugallymynyň familiýasy we ady, işleýän kafedrasy, elektron poçtasynyň salgysy, telefon belgileri) 2026-njy ýylyň 22-nji oktýabryna çenli institutyň tohi_tm@sanly.tm elektron salgysyna ugratmaly. 4.3. Bäsleşige şahsy bäsleşik görnüşinde geçirilip, onda gatnaşyjylara 50 sany soragdan (40 test soragy 1 baldan, 10 test mesele görnüşde 2 baldan) ybarat bolan test soragnamalary berler. 4.4. Bäsleşige 2026-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda sagat 15:00-da geçiriler. 4.5. Bäsleşigiň geçişine “Zoom” programmasy arkaly gözegçilik alnyp barlar. 4.6. Bäsleşigiň ýumuşlary institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine goýlar. 4.7. Bäsleşigiň gatnaşyjylaryna aragatnaşyk serişdelerini, foto, audio we wideo enjamlaryny, gözükdiriji serişdeleri hem-de maglumat göterijileri, aragatnaşyk geçiriji islendik serişdeleri ulanmaga rugsat berilmeýär. 4.8. Bäsleşige gatnaşýan talyplar soraglary hem-de ýumuşlary özbaşdak işlemeli. Bäsleşigiň geçirilýän wagty, goşmaça kömek edilen, töweregindäki ýoldaşlary bilen özara gürrüň eden ýa-da kitap, internet maglumatlaryny ulanan gatnaşyjy bäsleşige gatnaşýanlaryň hataryndan çykarylar. 4.9. Bäsleşigiň şahsy bäsleşik görnüşiniň test soraglaryny ýerine ýetirmek üçin berilýän wagt – 90 minut. 4.10. Bäsleşigiň eminler topary Türkmen oba hojalyk institutynyň wekillerinden düzülýär. 4.11.  Eminler topary bäsleşige gatnaşýan talyplaryň işlerini bahalandyrýar we netijelerini jemleýär. 4.12.  Islendik gatnaşyjynyň arz-şikaýat bilen ýüz tutmaga hukugy bardyr.  Arz-şikaýat bilen diňe toparyň ýolbaşçysy eminler toparyna elektron poçta arkaly ýüz tutup biler. 4.13.  Arz-şikaýatlar eminler topary tarapyndan seredilýär we ahyrky netijäni eminler toparynyň başlygy kesgitleýär hem-de bu gutarnykly netije üýtgedilmäge degişli däl hasap edilýär.            V. Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi 5.1. Bäsleşigiň ýeňijileri toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlenilýär we şahsy hem-de toparlaýyn görnüşde hasaba alynýar. 5.2. Bäsleşigiň ýeňijileriniň sany, oňa gatnaşyjylaryň sanyna baglylykda kesgitlenilýär, ýagny talyplaryň 5 %-i I derejeli, 10 %-i II derejeli we 15 %-i                      III derejeli diplomlar bilen sylaglanar. 5.3. Bäsleşigiň netijeleri beýanlar arkaly resmileşdirilýär we eminler toparynyň netijenamasy esasynda ýeňijileriň düzümi tassyklanylýar. 5.4. Bäsleşigiň ýeňijileri barada maglumatlar institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine ýerleşdirilýär. Habarlaşmak üçin tel.: +99361978564; +99363775659; e-mail: tohi_tm@sanly.tm Türkmen oba hojalyk institutynyň guramaçylyk topary

Detail ›
📅 14.09.2026

Topragy öwreniş boýunça III internet ders bäsleşigi

I. Umumy düzgünler Şu Düzgünnama ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Topragy öwreniş boýunça III internet ders bäsleşigini (mundan beýläk - bäsleşik) guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär. Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine sazlaşykly aralaşýan döwründe esasy mesele hökmünde Garaşsyz Watanymyza, mähriban halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýiti zehinli, ukyply we başarjaň ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Bäsleşigiň guraýjysy hökmünde Türkmen oba hojalyk institutynyň Agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasy çykyş edýär. Bäsleşigiň geçirilýän möhletleri we geçirmegiň şertleri institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine goýulýar.II. Bäsleşigiň maksady we wezipeleri Bäsleşik talyplaryň taýýarlygynyň hilini kesgitlemek, olaryň bilimlerini we başarnyklaryny berkitmek we çuňlaşdyrmak hem-de döredijilik ösüşini höweslendirmek maksady bilen geçirilýär. Bäsleşigiň maksady:ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek we özara bähbitli ylmy maglumatlary alyş-çalyş etmek;ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň bilelikde ylmy pikir alyşmalaryny guramak;hünärmenleri taýýarlamakda Topragy öwreniş dersiniň ähmiýetine düşünmek;talyplaryň döredijilik işjeňligini höweslendirmek, özbaşdak işlemek endiklerini ýokarlandyrmak we giňişleýin pikirlenmäni ösdürmek;talyplary taýýarlamagyň hilini kesgitlemek, nazary we amaly okuwlarda alnan bilimlerini we başarnyklaryny berkitmek;önümçilik we gözleg işlerinde ýüze çykýan ylmy hem-de amaly meseleleri derňemäge ukyply ýaş hünärmenleri ýetişdirmek;halkara bäsleşiklerde ýokary okuw mekdebiniň adyndan üstünlikli wekilçilik edip bilýän zehinli talyplary kesgitlemek we goldamak;hünär taýdan taýýarlygyny ýokarlandyrmak. III. Bäsleşigiň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi Bäsleşigi guramak we geçirmek boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin Guramaçylyk topary döredilýär. Guramaçylyk topary:ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda bu bäsleşigi geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de ony guramak we geçirmek boýunça guramaçylyk işleri alyp barýar;bäsleşigi geçirmegiň tertibini we möhletini kesgitlemek boýunça teklipleri taýýarlaýar.IV. Bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň tertibi 4.1. Bäsleşige Türkmenistanyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň dürli ugurlarynyň, hünärleriniň ýokary bilim maksatnamalary boýunça okaýan 3-nji,          4-nji we 5-nji ýyl talyplary gatnaşyp bilerler. 4.2. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän ýokary okuw mekdebi düzümi 5 (bäş) sany talypdan köp bolmadyk toparyň we olaryň ýolbaşçy mugallymynyň maglumatlaryny (fakulteti, hünäri, ýyly, familiýasy we ady, ýolbaşçy mugallymynyň familiýasy we ady, işleýän kafedrasy, elektron poçtasynyň salgysy, telefon belgileri) 2026-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda çenli institutyň tohi_tm@sanly.tm elektron salgysyna ugratmaly. 4.3. Bäsleşige şahsy bäsleşik görnüşinde geçirilip, onda gatnaşyjylara 50 sany soragdan ybarat bolan test soragnamalary berler. 4.4. Bäsleşige 2026-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda sagat 15:00-da geçiriler. 4.5. Bäsleşigiň geçişine “Zoom” programmasy arkaly gözegçilik alnyp barlar. 4.6. Bäsleşigiň ýumuşlary institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine goýlar. 4.7. Bäsleşigiň gatnaşyjylaryna aragatnaşyk serişdelerini, foto, audio we wideo enjamlaryny, gözükdiriji serişdeleri hem-de maglumat göterijileri, aragatnaşyk geçiriji islendik serişdeleri ulanmaga rugsat berilmeýär. 4.8. Bäsleşige gatnaşýan talyplar soraglary hem-de ýumuşlary özbaşdak işlemeli. Bäsleşigiň geçirilýän wagty, goşmaça kömek edilen, töweregindäki ýoldaşlary bilen özara gürrüň eden ýa-da kitap, internet maglumatlaryny ulanan gatnaşyjy bäsleşige gatnaşýanlaryň hataryndan çykarylar. 4.9. Bäsleşigiň şahsy bäsleşik görnüşiniň test soraglaryny ýerine ýetirmek üçin berilýän wagt – 90 minut. 4.10. Bäsleşigiň eminler topary Türkmen oba hojalyk institutynyň wekillerinden düzülýär. 4.11.   Eminler topary bäsleşige gatnaşýan talyplaryň işlerini bahalandyrýar we netijelerini jemleýär. 4.12.   Islendik gatnaşyjynyň arz-şikaýat bilen ýüz tutmaga hukugy bardyr.  Arz-şikaýat bilen diňe toparyň ýolbaşçysy eminler toparyna elektron poçta arkaly ýüz tutup biler. 4.13.   Arz-şikaýatlar eminler topary tarapyndan seredilýär we ahyrky netijäni eminler toparynyň başlygy kesgitleýär hem-de bu gutarnykly netije üýtgedilmäge degişli däl hasap edilýär.V. Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi 5.1. Bäsleşigiň ýeňijileri toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlenilýär we şahsy hem-de toparlaýyn görnüşde hasaba alynýar. 5.2. Bäsleşigiň ýeňijileriniň sany, oňa gatnaşyjylaryň sanyna baglylykda kesgitlenilýär, ýagny talyplaryň 5 %-i I derejeli, 10 %-i II derejeli we 15 %-i                      III derejeli diplomlar bilen sylaglanar. 5.3. Bäsleşigiň netijeleri beýanlar arkaly resmileşdirilýär we eminler toparynyň netijenamasy esasynda ýeňijileriň düzümi tassyklanylýar. 5.4. Bäsleşigiň ýeňijileri barada maglumatlar institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine ýerleşdirilýär. Habarlaşmak üçin tel.: +99365894549; +99365276237; e-mail: tohi_tm@sanly.tm Türkmen oba hojalyk institutynyň guramaçylyk topary

Detail ›
📅 07.07.2026

Bäsleşik yglan edilýän boş pedagogik iş orunlarynynyň sanawy

BILDIRIŞ Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti 2026-2027-nji okuw ýylyna boş pedagogik işgärleriniň wezipelerine saýlamak boýunça bäsleşik yglan edýär. Boş iş orunlaryna bäsleşik 2026-nji ýylyň 22-nji awgustynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň baş binasynyň 2-nji gatynda ýerleşýän kiçi mejlisler otagynda geçiriljek. Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar 2026-njy ýylyň 15-nji iýulyna çenli ýokary okuw mekdebiniň Işgärler bölümine tabşyrylmaly. Tabşyrylmaly resminamalar: 1. Arzasy. 2. Dalaşgäriň maglumatnamasy (Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan kesgitlenen nusga boýunça). 3. Hünär derejesi babatda (kwalifikasion) talaplara laýyk gelýändigini tassyklaýan resminamalaryň nusgalary. 4. Kanunçylyk namalarynda we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňüne tutulan bilim ulgamynda zähmet çekmegine çäklendirmeleriň ýoklugyny tassyklaýan resminamalar.   Bäsleşik yglan edilýän boş pedagogik iş orunlarynynyň sanawy T/b Hünäriň, wezipäniň ady IHGWDK boýunça kod Iş: hemişelik   Aýlyk zähmet haky Talaplar Bilim derejesi Iş döwri   Anesteziologiýa we reanimatologiýa kafedrasynyň assistenti 240390 1 3386 ýokary 3 ýyl   Göz keselleri kafedrasynyň assistenti 240390 1 3386 ýokary 3 ýyl   Epidemiologiýa kafedrasynyň assistenti 240390 1 3386 ýokary 3 ýyl   Fakultet pediatriýasy kafedrasynyň assistenti 240390 1 3386 ýokary 3 ýyl   Psihiatriýa, narkologiýa we medisina psihologiýasy kafedrasynyň assistenti 240390 1 3386 ýokary 3 ýyl   Farmasiýa kafedrasynyň mugallymy 240390 1 3386 ýokary 3 ýyl   Çaga hirurgiýasy kafedrasynyň assistenti 240390 1 3386 ýokary 3 ýyl   Akuşerçilik we ginekologiýa boýunça DST kafedrasynyň assistenti 240390 1 3386 ýokary 3 ýyl     Salgy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 18 Tel.: 48-99-57                                                                                                                                                                   Işgärler bölümi    

Detail ›
📅 01.03.2026

REGULATIONS

On the Organization and Conduct of the Open Internet Olympiad in the Discipline “Ecology and Environmental Protection” among University Students   These Regulations have been developed in order to implement the action plans for the realization of the Concepts for the Development of the Digital Education System in Turkmenistan, to improve the teaching of natural and exact sciences, to introduce innovations into the educational system, and to ensure independent monitoring of the quality of education through the organization of an open Internet Olympiad in the discipline “Ecology and Environmental Protection”.   General Provisions These Regulations serve as a normative document governing the organization and conduct of the Open Internet Olympiad in academic disciplines among students of higher education institutions. The expansion of opportunities for the use of digital information and communication technologies creates favorable conditions for the mass participation of talented students in academic and project competitions. Such competitions help to identify gifted students capable of conducting scientific research using innovative technologies and independently solving complex scientific problems.   Main Objectives of the Internet Olympiad Strengthening friendly relations among students of higher education institutions and promoting the exchange of mutually beneficial scientific information; Organizing joint scientific discussions among faculty members and students of participating universities; Developing students’ independent thinking and research skills and their ability to solve scientific problems; Encouraging in-depth study of natural and exact sciences and the practical application of theoretical knowledge.   Tasks of the Internet Olympiad Fostering interest in solving practical problems using modern digital information and communication technologies; Strengthening cooperation and interaction among higher education institutions through digital technologies; Identifying talented and capable youth and creating favorable conditions for their further intellectual development and professional orientation; Assessing students’ ability for quick and accurate reasoning in the discipline “Ecology and Environmental Protection”.   Organizational and Methodological Support An Organizing Committee is established to provide overall management of the preparation and conduct of the Internet Olympiad. The composition of the Organizing Committee is approved by the Rector of the Myrat Garryyev State Medical University of Turkmenistan.   The Organizing Committee: Determines the main principles for conducting the Internet Olympiad and carries out organizational activities; Prepares proposals regarding the procedure and schedule of the Olympiad; Cooperates with representatives of participating universities in developing Olympiad tasks; Considers participants’ appeals and provides clarification regarding complaints and individual applications.   Procedure for Organizing and Conducting the Olympiad The Open Internet Olympiad in the discipline “Ecology and Environmental Protection” is conducted in the form of online testing. The sections of the discipline are determined in accordance with the requirements of the State Educational Standard of Higher Education of Turkmenistan. Students of all higher education institutions of Turkmenistan, regardless of departmental affiliation or organizational form, may participate. The working language of the Olympiad is Turkmen. Each university may nominate four students who have demonstrated the best academic performance in the discipline (three main participants and one reserve). Participants will be offered 50 test questions, with 90 minutes allocated for completion. The jury of the Olympiad is approved by the Rector of the Myrat Garryyev State Medical University of Turkmenistan. Participants have the right to submit an appeal through their team leader. Appeals are reviewed by the jury, and the final decision is made by the chairperson of the jury. The decision is final and not subject to revision.   Determination and Awarding of Winners Individual rankings of participants in the final stage are determined by the jury based on the total score obtained. The results of the Olympiad are officially documented and approved by the Rector of the Myrat Garryyev State Medical University of Turkmenistan. Winners are awarded Diplomas of the I, II, and III Degrees. The total number of winners must not exceed 50% of the total number of participants.

Detail ›
style="bottom: 97px; position: absolute; left: 0; right: 0; z-index: 1000; background: rgba(255, 255, 255, .97); backdrop-filter: blur(24px); border-bottom: 1px solid rgba(13, 124, 124, .08); transition: box-shadow .4s;">