Bildirişler

Soňky bildirişler

📅 27.04.2026

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan dalaşgärleri öňünden saýlap seçmek arkaly, dowamlylygy 4 ýyl möhleti bolan uçarman käri boýunça

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan dalaşgärleri öňünden saýlap seçmek arkaly, dowamlylygy 4 ýyl möhleti bolan uçarman käri boýunça Türkiýe Respublikasynyň “Turk Hava Kurumu” uniwersitetine kabul edişligi yglan edýär. Okuwlaryň tölegini “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan şertnama esasynda resmileşdirilýär. Resminamalar görkezilen salgy boýunça kabul edilýär: Aşgabat şäheri, A.Annaýew köçesi, “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, telefon belgileri: 23-47-88, +99365-72-58-43Türkiýe Respublikasynyň Awiasiýa Birleşiginiň uniwersitetine 4 ýyllyk uçarman kärine okadyljak dalaşgärleri saýlap almaklygyň Tertibi:Okuwa Türkmenistan raýatlylygy bolan, saglyk ýagdaýy «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Aşgabat halkara howa menziliniň Lukmançylyk merkeziniň uçarmanlara bildirilýän (ICAO-nyň) talaplaryna gabat gelýän, umumy orta bilimden pes bolmadyk bilimli, ýaşy 25-den geçmedik oglanlar (harby şahadatnamasy bolan) giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.Okuw “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bellenen ýolbaşçylary tarapyndan ilkibaşlangyç söhbetdeşliginden, Türkiýe Respublikasynyň Turk Hava Kurumu Uniwersitetiniň wekilleriniň söhbetdeşliginden, synagyndan şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherindäki lukmançylyk toparlarynyň barlaglaryndan soň başlanýar.Dalaşgär “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Aşgabat halkara howa menziliniň Lukmançylyk merkeziniň barlaglaryndan geçmek üçin ýollananyndan soňra 15 günüň dowamynda lukmançylyk merkezi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk ýagdaýy baradaky kepilnamany getirip bermäge borçlanýar;Okuwyň möhleti 4 ýyl.Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 08.04.2026-30.06.2026 seneler aralygynda kabul edilýär.Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);— şahsy pasporty (asyl we göçürme nusgasy);— harby şahadatnamasy (asyl we göçürme nusgasy);— umumy orta we orta-hünär bilim barada resminama (asyl we göçürme nusgasy);— narkologik hem-de psihonewrologik dispanserlerden güwähat;— «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Aşgabata halkara howa menziliniň Lukmançylyk merkezi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden ýa-da harby bölümden) häsiýetnama;— 3x4 sm ölçegde sekiz sany fotosurat;— zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi (bar bolan ýagdaýynda);Dalaşgärleriň ähli resminamalary Türkmenistanyň Kanunçylygyna laýyklykda serediler, nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.Giriş synaglary Iňlis dili (iňlis dilinde gürleşip, ýazyp, okap bilmek), matematika we fizika (bu dersler boýunça goşmaça geçilen okuwlaryň şahadatnamalary makullanýar) derslerinden geçirilýär. Beýleki daşary ýurt dil bilimi makullanýar.Giriş synaglary 01.07.2026-15.07.2026ý. seneler aralygynda Aşgabat şäherinde «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde geçirilýär.Bellik: Ähli synaglardan geçen dalaşgärler bilen daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw mekdeplerinde okamak barada 3 taraplaýyn (Awiakompaniýa, Talyp we Zamunçy) şertnama baglaşyljakdyr, şertnama laýyklykda, Talyp okuw jaýyny üstünlikli tamamlap, işe başlanyndan soň Awiakompaniýada okan hünäri boýunça 10 ýyl işläp bermeklige borçlanýar.Awiakompaniýa tarapyndan ýerine ýetiriljek tölegler aşakdakylardan ybarat:Talybyň okuwy üçin tölegleri (Nazaryýet we Uçuş türgenleşik);Talybyň umumy ýaşaýyş jaýy üçin tölegleri;Talybyň okuw ýylynyň başynda Turkiýe Respublikasynyň Ankara şäherine barmak we okuwy tamamlandan soňra Aşgabat şäherine gelmek boýunça ýol çykdajylary;Dalaşgär tarapyndan ýerine ýetiriljek tölegler:Wizany resmileşdirmek boýunça tölegleri;Saglyk ätiýaçlandyryş boýunça tölegleri;Günlik we iýmit çykdajylar;Kommunikasiýa çykdajylary;Okuw döwründe ýol çykdajylary.Çeşmesi : Turkmenistan Airlines

Doly gör ›
📅 21.04.2026

KÄMIL HÜNÄRE TARAP ÄDIM: Diller dünýäsinde «Açyk gapylar» güni

Ýurdumyzdaky giň gerimli bilim özgertmeleri mynasyp durmuşa geçirmek maksady bilen, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty 2026-2026-njy okuw ýylynyň uçurymlaryny we ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary 2026-njy ýylyň 1-nji we 6-njy maýynda geçiriljek «Açyk gapylar» gününe çagyrýar. Bu tanyşlyk günlerinde gatnaşyjylar institutyň fakultetleri, kafedralary we bu ýerde okadylýan dilleriň aýratynlyklary, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap okuw otaglary, şeýle hem sanly bilim ulgamynyň täze mümkinçilikleri, institutda hereket edýän «Parahatçylyk dilleri» ÝUNESKO klubynyň işi bilen ýakyndan tanyş bolarlar. Şeýle hem ýaşlaryň gatnaşmagynda TEDx hem geçiriler. Institut bilen tanyşlyk dabarasynda ýaşlaryň ata Watana, il-güne, merdana pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin amala aşyrylýan giň gerimli işleriň miweleri öz beýanyny tapar. Talyplaryň halkara olimpiadalarda we ylmy bäsleşiklerde gazanan üstünliklerini, dünýä halklarynyň medeniýetini şöhlelendirýän sergiler dalaşgärlerde uly täsir galdyrar. Bu çäre ýaşlara geljekki hünärini dogry saýlamaga we talyp durmuşynyň gyzykly pursatlaryny öňünden duýmaga ýardam eder. Salgysy: Aşgabat şäheri, Aba Annaýew köçesiniň 47-nji jaýy. Telefon belgisi: +99312 36-84-08

Doly gör ›
📅 10.04.2026

Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti 2026-njy ýy­lyň 22-nji ap­re­lin­de we 6-njy ma­ýyn­da sa­gat 15:00-da uni­wer­si­tet­de, onuň Bal­ka­na­bat bö­lü­min­de or­ta hem-de or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­niň uçu­rym­la­ry, okuw mer­kez­le­ri­niň diň­leý­ji­le­ri, har­by bö­lüm­le­riň es­ger­le­ri, önüm­çi­lik­de zäh­met çek­ýän ýaş­lar üçin «AÇYK GA­PY­LAR» gü­nü­ni geçirýär

Şol günlerde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek boýunça alyp barýan syýasatynyň uniwersitetde durmuşa geçirilişi, bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, taýýarlyk ugurlary, olara degişli hünärler, uniwersitetde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, sport bilen meşgullanmak üçin döredilen şertler, uniwersitetiň dünýä standartlaryna laýyk gelýän okuw we tejribe otaglary, maglumat tehnologiýalar merkezi, sport toplumy, ähli amatlyklary bolan umumy ýaşaýyş jaýlary bilen tanyşdyrylar. Uniwersitet baradaky maglumatlar iogu.edu.tm web saýtynda hem ýerleşdirilendir.Sal­gy­sy: Aş­ga­bat şä­he­ri, Ar­ça­bil şa­ýo­lu­nyň 8-nji ja­ýy.Te­le­fon bel­gi­le­ri: 39-13-05, 39-13-18.Uni­wer­si­te­tiň Bal­ka­na­bat bö­lü­mi­niň sal­gy­sy: Bal­ka­na­bat şä­he­ri,G.An­na­ýew kö­çe­si­niň 76-njy ja­ýy.Te­le­fon bel­gi­le­ri: 4-93-62, 2-19-98.Elekt­ron sal­gy­sy: iuog@san­ly.tmWeb-saý­ty: https://iogu.edu.tm

Doly gör ›
📅 09.04.2026

Bäsleşik

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty 2026-njy ýylyň maý aýynyň 11-ine «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri – ýaşlaryň ýol-ýörelgesi» atly bilim bäsleşigini geçirmekligi meýilleşdirýär. Bäsleşik 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şan-şöhratyny dabaralandyrmak we Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly atalyk kitaplaryndan şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar Watanyň daýanjy», «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly – dünýäniň akyldary», «Türkmenistanyň Bitaraplygy parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaplarynyň çuň many-mazmuny açyp görkezmek we kitabynyň ähmiýetini düşündirmek, ahalteke bedewleri we mukaddes Garaşsyzlygymyz hakyndaky aýdan taglymatlaryny talyp ýaşlaryň aňyna ornaşdyrmak, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň peýdaly endikleri özleşdirmegini gazanmak, olarda kitap okamak we beýleki peýdaly endikleri terbiýelemek, ýaşlarda kitaba bolan söýgüni döretmek, olary kitaphanalara giňden çekmek hem-de zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýär.Bäsleşigiň düzgünnamasy bilen https://disk.yandex.ru/i/KKCqLz1pG8NQ7A elektron salga salgylanyp tanşyp bilersiňiz. Mähriban talyplar, siziň ähliňizi «Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri – ýaşlaryň ýol-ýörelgesi» atly bilim bäsleşigine işjeň gatnaşmaklyga çagyrýarys!Habarlaşmak üçin:Telefon nomeri:+99364404606, +99362866483, Elektron salgy:tdei@tdei.edu.tm, tdeimaralyashlar@gmail.com

Doly gör ›
📅 06.04.2026

Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky Türk­men döw­let mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­ty 2026 — 2027-nji okuw ýy­lyn­da ins­ti­tu­ta oku­wa gir­mä­ge is­leg bil­dir­ýän ýaş­la­ry şu ýy­lyň 25-nji ap­re­lin­de we 9-njy ma­ýyn­da sa­gat 15:00-da «Açyk ga­py­lar» gü­nü­ne ça­gyr­ýar

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň mil­li bi­lim ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek ba­bat­da dur­mu­şa or­naş­dyr­ýan döw­re­bap öz­gert­me­le­ri, ins­ti­tut­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler, şeý­le hem taý­ýar­lyk ugur­la­ry, ola­ra de­giş­li hü­när­ler, okuw-usu­ly, yl­my-bar­lag, ter­bi­ýe­çi­lik, me­de­ni-köp­çü­lik iş­le­ri hem-de oka­mak, ýa­şa­mak, me­de­ni­ýet­li dynç al­mak, sport bi­len meş­gul­lan­mak üçin dö­re­di­len şert­ler ba­ra­da «Açyk ga­py­lar» gün­le­rin­de ýaş­la­ra gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat ber­ler. «Açyk ga­py­lar» gün­le­ri Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky Türk­men döw­let mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­tynda ge­çi­ril­ýär. Sal­gy­sy: Türk­me­na­bat şä­he­ri, Şa­ben­de kö­çe­si­niň 7-nji ja­ýy. Te­le­fon bel­gi­le­ri: 800422-3-04-21, 3-67-02, 3-25-44. Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky Türk­men döw­let mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­ty ba­ra­daky mag­lu­mat­lar bi­len www.tdmu­gi.edu.tm web saý­tyn­da tan­şyp bi­ler­si­ňiz.Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky Türk­men döw­let mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­ty

Doly gör ›
📅 01.03.2026

DÜZGÜNNAMA

Ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň “Ekologiýa we daşky gurşawy goramak” dersleri boýunça açyk internet olimpiadasyny  guramak we geçirmek hakynda             Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň hemde tebigy we takyk ylmy ugurlaryna degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmek, bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem bilimiň hiline garaşsyz monitoringi amala aşyrmak maksady bilen “Ekologiýa we daşky gurşawy goramak” dersi boýunça açyk internet olimpiadasyny geçirmek boýunça şu Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy. Umumy düzgünler  Düzgünnama ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň dersler boýunça açyk internet olimpiadasyny guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasydyr. Sanly maglumat – kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmagyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegi zehinli talyplaryň ders we taslama bäsleşiklerine köpçülikleýin gatnaşmagyna mümkinçilik döredýär. Şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi ýurdumyzda innowasion tehnologiýalardan peýdalanyp, ylmy gözlegleri geçirmäge ukyply, çylşyrymly meseleleri özbaşdak çözüp bilýän zehinli talyp ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam berýär.        Internet – olimpiadanyň esasy maksady: Ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek we özara bähbitli ylmy maglumatlary alyş – çalyş etmek. Gatnaşýan ýokary okuw mekdepleriň professor – mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň bilelikde ylmy pikir alyşmaklaryny guramak.   Talyplara özbaşdak pikirlenmegi we işlemegi, ylmy meselelerden baş alyp çykmagy öwretmek; Tebigy we takyk ylmy ugurlaryna degişli derslerini çuňňur öwrenmäge hem-de nazaryýetde alan bilimlerini tejribede başarmaga höwes döretmek;   Internet – olimpiadanyň wezipeleri: Häzirki zaman sanly maglumat kommunikasiýa tehnologiýalary ulanmak arkaly amaly meseleleri çözmäge gyzyklanma döretmek; Sanly maglumat – kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly ýokary okuw mekdepleriň özara aragatnaşygyny işjeňleşdirmek; Zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň mundan beýläk intellektual ösüşi bilen bagly hünär saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmek; “Ekologiýa we daşky gurşawy goramak” dersleri boýunça talyp ýaşlaryň tiz we dürs pikirlenmek ukyplaryny ýüze çykarmak;   Internet – olimpiadasynyň guramaçylyk – usulyýet üpjünçiligi Internet – olimpiadany guramak we geçirmek boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin guramaçylyk topary döredilýär. Guramaçylyk toparynyň düzümi Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.   Guramaçylyk topary: Internet – olimpiadany geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de olimpiadany geçirmek boýunça guramaçylyk işleri alyp barýar; Internet – olimpiadany geçirmegiň tertibini we möhletini kesgitlemek boýunça teklipleri taýýarlaýar; Gatnaşyjy ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bilen dersler boýunça olimpiada ýumuşlaryny işläp taýýarlamak boýunça işleri alyp barýar; Talyplaryň Internet – olimpiadasyna gatnaşyjylaryň ýüztutmalaryna seredýär we arz – şikaýat we şahsy ýüztutmalar boýunça düşündiriş işleri alyp barýar; Olimpiada birikmek üçin:  olimp2.tdlu.edu.tm  zoom salgysy: https://us06web.zoom.us/j/4132648667?pwd=MCs3NHFVeW9lRzVGaG1RRHh6cFhXdz09 ID:    413 264 8667 PASS:   h3hxat Talyplaryň açyk internet olimpiadasyny guramagyň we geçirmegiň tertibi Açyk internet olimpiada “Ekologiýa we daşky gurşawy goramak” dersi boýunça test görnüşinde (Online tertibinde) geçirilýär. Dersiň bölümleri Türkmenistanyň ýokary biliminiň Döwlet bilim standartlarynyň talaplaryna laýyklykda kesgitlenýär. Açyk internet olimpiada Türkmenistanyň pudak tabynlygynda guramaçylyk hukuk görnüşine garamazdan ähli ýokary okuw mekdepleriniň dürli ugurlarynyň ýokary bilim maksatnamalary boýunça okaýan talyplar gatnaşyp bilerler. Açyk internet olimpiadanyň iş dilleri – türkmen dilidir. Açyk internet olimpiada dersi boýunça öz ýokary okuw mekdeplerinde iň gowy netijeleri görkezen talyplaryň dört sanysy (3 sany talyp esasy düzüm, 1 sany ätiýaçdaky talyp) çagyrylýar. Açyk internet olimpiada her ders boýunça 50 sany test soraglary hödürlener we olary çözmek üçin 90 minut wagt beriler. Açyk internet olimpiadanyň eminler topary Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory tarapyndan tassyklanýar. Açyk internet olimpiadasyna gatnaşyjylar topar ýolbaşçysynyň üsti bilen arz – şikaýat etmäge hukugy bar. Arz şikaýat ýüz tutmalar eminler topary tarapyndan seredilip, ahyrky netijäni toparyň başlygy kesgitleýär (ahyrky çözgüt üýtgewsizdir).     Açyk internet olimpiadasynyň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi. Açyk internet olimpiadanyň jemleýji tapgyrynyň gatnaşyjylaryna dersler boýunça şahsy orunlary toplanan ballarynyň jemi boýunça eminler topary tarapyndan kesgitlenýär. Açyk internet olimpiadanyň dersler boýunça netijeleri resmileşdirilýär we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanýar. Açyk internet olimpiadanyň dersler boýunça ýeňijileri I, II, III derejeli diplomlar bilen sylaglanýar. Açyk internet olimpiadanyň ýeňijileriniň sany 50% - den geçmeli däl.

Doly gör ›
style="bottom: 97px; position: absolute; left: 0; right: 0; z-index: 1000; background: rgba(255, 255, 255, .97); backdrop-filter: blur(24px); border-bottom: 1px solid rgba(13, 124, 124, .08); transition: box-shadow .4s;">