Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezinde “Häzirki zaman stomatologiýasynyň wajyp meseleleri” atly halkara ylmy-amaly maslahaty öz işine başlady
2026-njy ýylyň 11-nji noýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezinde “Häzirki zaman stomatologiýasynyň wajyp meseleleri” atly halkara ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisi geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan maslahata ýurdumyzyň professor-mugallymlary bilen birlikde Russiýa Federasiýasynyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Belarus Respublikasynyň belli alym lukmanlary gatnaşdylar. Umumy mejlisde “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň hem-de “Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026-2052-nji ýyllar üçin Milli Strategiýasynyň” çäginde stomatologiýa ylmynda gazanylan üstünlikler we geljekki wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şol gün Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezinde halkara ylmy-amaly maslahatyň “Hirurgik stomatologiýasynyň wajyp meseleleri” atly 1-nji bölümçe hem öz işini dowam etdirip, onda hirurgik bejerginiň döwrebap usullary boýunça ylmy nutuklar diňlenildi. Maslahata gatnaşyjylar lukmançylyk ylmyny ösdürmekde döredilýän giň mümkinçilikler üçin Hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.