Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary XIII Türkmen-german forumyna sanly ulgam arkaly gatnaşdylar
2026-njy ýylyň 12-nji noýabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary saglygy goraýyş boýunça XIII Türkmen-german forumyna sanly ulgam arkaly gatnaşdylar. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan Halkara okuw-ylmy merkezinde guralan iki günlük forumda ýurdumyzyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy lukmançylyk merkezleriniň hünärmenleri teleköpri arkaly wideoaragatnaşyga çykdylar. Duşuşygyň dowamynda pediatriýa, rewmatologiýa, dikeldiş bejergileri, urologiýa, neýrohirurgiýa, onkologiýa, endokrinologiýa we newrologiýa ugurlarynda anyklaýyşdyr bejerişiň döwrebap usullary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem emeli aň ulgamy ornaşdyrylan innowasion lukmançylyk tehnologiýalarynyň amaly ähmiýeti, hünär taýýarlygy hem-de ikitaraplaýyn ylmy-amaly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça gyzyklanma döredýän çykyşlar diňlenildi. Forumyň çäklerinde geçirilen pikir alyşmalar halkara tejribe alyşmaga we milli saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge mynasyp goşant goşdy.