90

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Biologiýa dersinden V Halkara internet olimpiadasy öz işine başlady

Kardiologiya merkezi

2026-njy ýylyň 19-njy noýabrynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026-njy ýyl üçin Meýilnamasynda göz öňünde tutulan işleri durmuşa geçirmek, bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem bilimiň hiline garaşsyz monitoringi amala aşyrmak maksady bilen Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň gurnamagynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda üç gün dowam etjek biologiýa dersinden V Halkara internet olimpiadasy öz işine başlady.

V Halkara internet olimpiadasyna türkmen talyplary bilen birlikde dünýäniň 12 sany döwletinden 320-den gowrak talyplar gatnaşdylar. Lukmançylyk uniwersitetinde geçirilýän V Halkara internet olimpiadasyna dünýä standartlaryna laýyklykda ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynyň wekilleri bilen birlikde, Lukmançylyk uniwersiteti bilen özara Ylalaşyk esasynda iş alyp barýan Russiýa Federasiýasynyň Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ugurdaş ders boýunça tejribeli professor-mugallymlary wekilçilik etdiler.

Olimpiadanyň jemleri boýunça eminler topary tarapyndan ýeňijiler kesgitlener we üstünlikli çykyş edip, ýeňiji diýlip yglan edilen talyplar 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli Diplomlar we medallar bilen sylaglanar.

Lukmançylyk uniwersitetinde öz işine başlan ders bäsleşigi diňe bir zehinli ýaşlary ýüze çykarmak bilen çäklenmän, eýsem oňa gatnaşýan daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda halkara hyzmatdaşlygyny hem ýola goýmaga ýardam berer.