24

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezinde ylmy-amaly maslahat geçirildi

Kardiologiya merkezi

2026-njy ýylyň 21-nji sentýabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli professor-mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda “Garaşsyzlyk ýyllary içinde eneleriň we çagalaryň saglygyny goramakda ýetilen sepgitler” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahatyň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýän saglygy goraýyş syýasatynyň we Eneleriň, bäbekleriň, çagalaryň hem-de ýetginjekleriň saglygyny goramak boýunça Milli strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň çäklerinde çaga kesellerini irki döwürde anyklamak, netijeli bejermek hem-de olaryň öňüni almak işlerinde häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryň orny aýratyn nygtaldy. Şeýle-de kliniki taýdan ýokary netijeliligi, milli saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan durnukly ösüşler hem-de ylmy-amaly taýdan ýetilen sepgitler boýunça ylmy işleriň netijeleri barada ylmy mazmunly çykyşlar diňlenildi.