138

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Biologiýa dersi boýunça olimpiada yglan edýär

Kardiologiya merkezi

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 11-nji we 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda biologiýa dersi boýunça bäsleșigi geçirýändigini yglan etdi.

Bäsleşigiň test ýumuşlary türkmen dilinde hödürlener.

Bäsleşik 2 tapgyrdan, ýagny saýlama we jemleýji tapgyrlaryndan ybarat bolup, saýlama tapgyryny welaýat we Aşgabat şäher Baş bilim müdirlikleri, Arkadag şäheriniň bilim müdirligi hem-de ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internaty jogapkärçiliklerinde mekdep okuwçylarynyň arasynda bäsleşik esasynda ýeňijileri seçip alarlar.

Saýlama tapgyryň yzygiderliligi: her mekdep okuwçylarynyň arasyndan 3 okuwçyny bäsleşik esasynda saýlap, olary etrap tapgyryna gatnaşdyrmaly hem-de her etrapdan bäsleşik esasynda saýlanan 3 okuwçyny welaýat (şäher) tapgyryna hödürlemeli.

Welaýat (şäher) tapgyry 2026-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda geçiriler hem-de welaýatlardan we Aşgabat, Arkadag șäherlerinden saýlama tapgyryndan saýlanan 5 okuwçy, Ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyndan 3 okuwçy jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanar.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyry 2026-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda saýlama tapgyrynda ýeňiji bolan okuwçylaryň arasynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçiriler. Gatnaşyjylar we olary taýýarlan mugallymlar baradaky maglumatlary 2026-njy ýylyň 15-nji sentýabryna çenli tdlu.iolimp@gmail.com salgysyna ugratmaly.

Bäsleşigiň netijesi toplanan ballaryň jemi boýunça awtomatiki usulda ýörite kompýuter programmasy arkaly kesgitlenilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +99312-48-99-32; +99364-00-04-70