7

“Esger Berdimuhamet Annaýewiň gahrymançylykly zähmet we söweş ýoly ýaşlar üçin nusgalyk mekdepdir” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

Kardiologiya merkezi

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde 2026-njy ýylyň 5-nji maýynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan “Ýeňiş güni” mynasybetli professor-mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda “Esger Berdimuhamet Annaýewiň gahrymançylykly zähmet we söweş ýoly ýaşlar üçin nusgalyk mekdepdir” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahatyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň mähriban atasy Berdimuhamet Annaýewiň geçen durmuş ýoly, görkezen merdanalygy, gaýduwsyzlygy baradaky söhbetdeşlik erş-argaç bolup geçdi. Watan mukaddesliginiň, Watany başynyň täjine deňeýän talyplaryň eden çykyşlary has hem täsirli boldy.

Maslahatda uniwersitetiň “Melhem” aýdym-saz toparynyň talyp çaşlarynyň ýerine ýetiren aýdymlary çärä gatnaşanlara aýratyn ruhy lezzet paýlady. Aýdym-sazlarda merdana pederlerimiziň belent mertebesiniň, gazanan üstünlikleriniň, ýurdumyzyň parahatçylygynyň waspy belentden ýaňlandy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň sarpasyny belentliklere göterýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza uniwersitetiň professor-mugallymlary we talyplary tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.