26

«Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi: halkara tejribe we ösüşiň geljekki ugurlary» atly III halkara ylmy-amaly maslahat

merkezi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlaryny 2026-njy ýylyň 27-nji noýabrynda utgaşykly görnüşinde geçiriljek «Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi: halkara tejribe we ösüşiň geljekki ugurlary» atly III halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga çagyrýar. Bu maslahatyň özara bähbitli ylmy we amaly bilimleri we tejribäni öwrenmäge mümkinçilik döretjekdigine ynanýarys.

Maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler çykyşlarynyň tezislerini 2026-njy ýylyň 12-nji noýabryna çenli şu aşakdaky elektron poçta ibermeli:

tsiem.conference@gmail.com

Maslahatyň iş dilleri: türkmen, iňlis we rus.

 

Halkara ylmy-amaly maslahat 3 sany bölümde geçiriler:

 

I bölüm. Ykdysadyýeti durnukly ösdürmegiň geljekki ugurlary.

II bölüm. Ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmekde maliýe mehanizminiň orny.

III bölüm. Ykdysadyýetiň durnukly ösüşinde menejmentiň we marketingiň orny.

 

Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmak üçin tezisleri, annotasiýalary we çykyşlary Guramaçylyk toparyna ýollamaly (5-10 minutlyk çykyş, nutugyň gysgaça beýanynyň möçberi 1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly, şrifti — Times New Roman, ölçegi — 14 pt, setir arasy — 1).

Tapawutlanan tezisleri çap etmek hukugy Guramaçylyk toparyna degişlidir.

Maslahat bilen baglanyşykly goşmaça maglumatlar we bildirişler institutyň https://tsiem.edu.tm/ web-saýtynda ýerleşdiriler.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

telefon: (+99312) 48-62-71, +99365 65 55 35

elektron poçta: tsiem.conference@gmail.com

Tezislere talaplar.docx