FIZIKADAN HALKARA INTERNET OLIMPIADASY GEÇIRILÝÄR
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty ýurdumyzyň Bitaraplygynyň şanly 31 ýyllygy mynasybetli 2026-njy ýylyň 4-nji dekabrynda talyplaryň fizikadan VI Açyk halkara internet olimpiadasyny geçirýändigini habar berýär we talyplary bu olimpiada gatnaşmaga çagyrýar.
Olimpiadanyň resmi iş dilleri – türkmen, rus, iňlis dilleridir.
Olimpiada gatnaşmaga isleg bildirýän talyplar we jogapkär mugallymlar baradaky maglumatlary (talybyň ady, familiýasy, okaýan ýokary okuw mekdebi we hünäri, okuw ýyly) iolymp-tspi@yandex.ru elektron salga ugratmaly.
Habarlaşmak üçin:
Tel.: +99363100436;
E-mail: iolymp-tspi@yandex.ru.
Hormatlamak bilen, guramaçylyk topary