471

Astanada Türkmenistan bilen Gazagystanyň ýokary bilim we ylym ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Kardiologiya merkezi

2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde Astana şäherinde Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew bilen Gazagystan Respublikasynyň ylym we ýokary bilim ministri Saýasat Nurbegiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşyk Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek maksady bilen geçirilip, ýokary bilim we ylym ulgamlarynda amaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirildi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar konstruktiw we mazmunly ýagdaýda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem öz ýurtlarynyň durmuş-ykdysady ösüşiniň uzak möhletleýin wezipelerine laýyklykda ýokary bilim ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça çemeleşmeler barada pikir alyşdylar.

Türkmen tarapy hormatly Türkmenistanyň Prezidentiniň tassyklan 2026–2052-nji ýyllar üçin Türkmenistanda ýokary bilimi ösdürmegiň strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça ýurtda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy hem-de ony tapgyrlaýyn durmuşa geçirmek maksady bilen görülýän anyk çäreler barada giňişleýin maglumat berdi. Hususan-da, geljegi uly bolan hünär ugurlaryny çaklamak we bilim ulgamyny ykdysadyýetde hem-de zähmet bazarynda bolup geçýän uzak möhletleýin üýtgeşmeler bilen sazlaşdyrmak üçin ulanylýan usulyýetler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda bu işleriň usulyýet taýdan üpjünçiligine aýratyn üns berildi. Taraplar Türkmenistanda we Gazagystanda işgärlere bolan islegi çaklamak, täze we üýtgeýän hünärleri kesgitlemek, şeýle hem bilim syýasatyny meýilleşdirmekde seljeriş maglumatlaryny peýdalanmagyň mehanizmleri barada pikir alyşdylar.

Azat Ataýew gazak tarapyny Türkmenistanda demografik görkezijileri, ykdysadyýetiň zerurlyklaryny we bilim ulgamynyň görkezijilerini özara baglanyşdyrmaga gönükdirilen taslamalar barada hem habarly etdi. Taraplar, demografik dinamika, zähmet bazarynyň gurluşy we ykdysady ösüşiň geljegi uly ugurlary hasaba alnyp, bilim maksatnamalaryny we hünärmenleri taýýarlamagy meýilleşdirmek üçin niýetlenen seljeriş ulgamlary barada pikir alyşdylar.

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň raýatlarynyň Gazagystan Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagy bilen bagly meseleler hem garaldy. Taraplar bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, şeýle hem akademik hereketlilik, taýýarlygyň hili we uçurymlaryň alan başarnyklaryny geljekde ulanmak meseleleri boýunça has yzygiderli utgaşdyrmagyň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gazak tarapy bolsa öz gezeginde ýokary bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakdaky tejribesini, şol sanda bilim işlerini dolandyrmak we bilimiň hilini üpjün etmek boýunça çemeleşmelerini tanyşdyrdy. Şeýle hem ýokary bilim ulgamyny zähmet bazarynyň talaplary bilen utgaşdyrmak meseleleri garaldy.

Gazagystanyň merkezleşdirilen testleşdiriş we bilim syýasatyny seljeriş taýdan üpjün etmek boýunça tejribesine hem aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Gazagystanyň Milli test merkezi tarapyndan ETS (Educational Testing Service — bilim ulgamynda synaglary we baha beriş ulgamlaryny işläp taýýarlamak boýunça ýöriteleşen halkara gurama) bilen bilelikde bilimiň hiline baha bermegiň mehanizmlerini kämilleşdirmek we dolandyryş çözgütlerini kabul etmek üçin maglumat-seljeriş goldawyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bellenildi.

Taraplar ýokary bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak we emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen bagly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem bu ugurda hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlediler.

Duşuşygyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin durnukly özara hereket mehanizmlerini döretmegiň mümkinçilikleri garaldy. Ýokary bilim we ylym ulgamlarynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça bilelikdäki iş mehanizmini işläp taýýarlamak barada ylalaşyk gazanyldy.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi