Kliniki merkezler

Ählisini gör ›
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi

Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi bu ilata, şol sanda aýratyn sosial goraga mätäç çagalara we mümkinçilikleri çäklendirilen raýatlaryna, şeýle-de 1941-1945-nji ýyllarda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlara we tylda bolanlara, olaryň yzynda galanlara hem-de Owganystanda gulluk edenlere göz kesellerini anyklamagyň we bejermegiň dürli usullaryny amala aşyrýan täze nesliň klinikasydyr.

Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi 6 bölümden: çagalaryň göz kesellerini bejeriş (25 orun), gözüň umumy kesellerini bejeriş (20 orun), gaýragoýulmasyz kömek, lazer, kabul ediş we barlamhana bölümlerinden ybarat.

Kabul ediş bölüminiň düzüminde döwrebap enjamlar: foropter, awtorefraktometr, pnewmotonometr, yş çyrasy, sinoptofor, ambliokor, akkomodotrener bilen enjamlaşdyrylan çagalaryň görüşini saklaýan 2 otag işleýär. Türkmenistanda ilkinji gezek täze doglan bäbekleriň agyr patologiýalaryny, köplenç ýetik däl çagalaryň görüşiniň ýitmegine – retinopatiýa getirýän agyr patologiýalary irki döwürlerde anyklamaga, gündelik gözegçilik etmäge we bejergä baha bermäge niýetlenen iň täze retinal pediatrik ulgam “RetCam” enjamy goýlan. Şeýle-de Göz keselleri ylmy-kliniki merkezinde täze ultrases apparaty “AVISO” (Fransiýa), “HRT-3” (Germaniýa); “Spectralis OCT HRA” (Germaniýa) bilen enjamlaşdyrylan anyklaýyş otagy hem hereket edýär. Mundan başga-da, merkezde döwrebap enjamlaşdyrylan fiziobejeriş otagy hem bar. Umumy agyrysyzlandyrma bilen çagalarda operasiýalaryň ähli görnüşleriniň şowly geçmegi “DRAGGER” (Germaniýa) enjamynyň kömegi bilen üpjün edilýär. Bu täze enjamlaryň ählisi göz kesellerini anyklamagyň we bejermegiň ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryny işlemäge we ornaşdyrmaga giň mümkinçilikleri berýär.

Merkeziň işinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldamagynda oftalmologlar we Göz keselleri kafedrasynyň işgärleri bilen bilelikde öňüni alyş çäreleriniň toplumyny geçirmek bilen, çagalaryň görüşini goramagyň üstünlige eýe bolýan meselelerine uly üns berilýär. Bu öz gezeginde Aşgabat şäheriniň mekdebe çenli edaralarynda we orta mekdeplerinde işlenip düzülen öňüni alyş hem-de usuly maksatnamalary ornaşdyrmak maksady bilen, çagalar baglarynyň taýýarlyk toparlarynyň terbiýeçileri we mekdepleriň başlangyç synp mugallymlary bilen wagtly-wagtynda maslahatlary geçirip durmaga, şeýle-de okuw hem-de terbiýeçilik wagtyndan aýrylmasyz göz keselleriniň skriningini hem-de monitoringini amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Merkeziň işgärleriniň maksada okgunly işlemekleri refraksiýanyň anomaliýalarynyň we beýleki göz keselleriniň döremegine ýykgyn çagalaryň howp toparyny ir ýüze çykarmaklygyny, şeýle-de olary öz wagtynda bejermegi hem-de gaýra üzülmeleriniň öňüni almagyny üpjün edýär.

 

 

Ylmy-barlag işlerde lukmançylygyň ylmy taýdan esaslandyrylan täze tehnologiýalaryny ulanmak bilen ýokary derejeli şowakörlügiň, çaşylygyň, dogabitdi kataraktanyň we glaukomanyň, täze döremeleriň, alawlama we distrofik keselleriň hem-de çagalaryň görüş agzasynyň beýleki patologiýalarynyň öňüni almaklyga, anyklamaklyga we bejergisine aýratyn üns berilýär. Dogabitdi glaukomanyň we çaşylygyň hirurgik bejergisinde täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça ylmy işler alnyp barylýar. Russiýaly oftalmologlar bilen bilelikde ysmaz we burun tarapa gidýän çaşylygyň hirurgik bejergisiniň täze usullary işlenip düzüldi (Oýlap tapyşyň patentleri №2483699; №2584077).

Merkeziň ýokary derejeli hünärmenleri Göz keselleri kafedrasynyň mugallymlary bilen bilelikde daşary ýurtly kärdeşlerimiziň tejribelerini giňden ulanmak bilen, bejeriş-maslahat beriş, usuly we ylmy-barlag işlerini anyp barýarlar. Oftalmologiýa ylmyny we ýaşlaryň hünär tejribelerini ösdürmek maksady bilen halkara ylmy merkezler bilen hyzmatdaşlyk üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalanylýar. 2019-njy ýylyň martynda Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň “Gelmgols adyndaky Moskwa göz keselleriniň ylmy-barlag instituty” federal döwlet býujet edarasy bilen Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Göz keselleri ylmy-kliniki merkeziniň arasyndaky gol çekilen ikitaraplaýyn Ylalaşygyň çäklerinde ýaş türkmen oftalmologlarynyň diplomdan soňky hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek boýunça meýilnama we olaryň halkara ylmy-amaly maslahatlara hem-de forumlara gatnaşmaklygy üstünlikli amala aşyrylýar.

 

 

Doly gör ›
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezi

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezinde iň ýokary tehniki we hünär derejesinde ýöriteleşdirilen lukmançylyk kömegini bermek üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilen.

Bu ýerde stomatologiýa fakultetiniň talyplary üçin ýörite interaktiw multimediýa tagtalary bilen enjamlaşdyrylan iki sany beýan zallary, Ortopediýa we hirurgiýa stomatologiýasy kafedrasynyň, Terapewtiki stomatologiýa kafedrasynyň, Çaga stomatologiýasy we Stomatologiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedralarynyň okuw we bejeriş otaglary, innowasiýa tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan iki sany fantom otaglary göz öňünde tutulan.

 

Merkeziň düzümine bäş bölüm, ýagny çagalar, terapewtik, hirurgik, ortopedik stomatologiýa we funksional anyklaýyş bölümleri girýär. Merkeze näsaglaryň ilkinji ýüz tutmagy gigiýeniki otagdan başlanýar. Bu ýerde çagalara agyz boşlugynyň gigiýenasy üçin serişdeleri saýlap almagy we olardan dogry peýdalanmagy öwredilýar. 

Merkezde fitobejergi otagy bolup, bu ýerde dermanlyk ösümliklerini ulanmak bilen “Irrigator” enjamyndan giňden peýdalanylýar. Rentgenologik otagda ýokary hilli rentgen suratlary almak üçin äň-ýüz töwereginiň üç ölçegli rentgen suratyny alýan enjamlaryň birnäçe görnüşleri bolup, olar ýokarky we aşaky äňleriň anyklaýyş suratyny almaga mümkinçilik berýärler.

 

                           

 

Ortopedik stomatologiýa bölüminde CAD/CAM otagy ýerleşdirilen. CAD/CAM enjamynyň kömegi bilen keramiki, plastmas, metaldan aýrylmaýan gurnamalary taýýarlap bolýar. Bular koronkalar, dolduryjylar, winirler, hususy abatmentler, köpri görnüşli protezlerdir. Bu tehnologiýanyň ulanylyşynyň gerimi hemişe giňelýär. Operasion blokdan we hirurgik otagdan ybarat hirurgik stomatologiýa bölümi Germaniýanyň meşhur «SIRONA» kompaniýasynyň “Intego” stomatologik enjamy bilen enjamlaşdyrylan. Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezi çaga, terapewtik, ortopedik we hirurgik stomatologiýa ugurlarynda stomatolog lukmanlary diplomdan öňki we diplomdan soňky taýýarlygy üçin okuw-bejeriş we ylmy işleri geçirmek boýunça binýat bolup hyzmat edýär. Merkeziň lukmanlary kafedranyň mugallymlary bilen birlikde mekdebe çenli ýaşdaky çagalaryň öňüni alyş barlaglaryny geçirmekde uly işler geçirýärler. Ýurt Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilen dermanlyk ösümlikleri ulanmak bilen dişleriň kariýesini anyklamak, onuň öňüni almak, parodont kesellerini bejermek boýunça birnäçe işler alnyp barylýar. Merkezde şu günki gün lukmanlar öz näsaglaryna iň ýokary hünär we tehniki derejede ýöriteleşdirilen stomatologik hyzmatlaryň giň gerimini hödürläp bilýärler. Merkeziň işgärleri halkymyzyň saglygyny berkitmekde özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar.

 

Doly gör ›
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezi

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezi

 

 

Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2015-nji ýylyň 12-nji iýulyndaky №14334 belgili “Lukmançylyk edaralaryny döretmek baradaky” Karary bilen 2015-nji ýylyň 1-nji awgustynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezi döredildi.

Bu merkezde işler üç ugur: pediatriýa, perinatologiýa we hirurgiýa ugurlary boýunça alnyp barylýar. Merkez 275 orunlyk bolup, onda 15 sany bölüm hereket edýär. Merkezde ýurdumyzyň dürli künjeginden gelen enelere we çagalara ýokary derejeli kömek berilýär.

Ýurdumyzda perinatal kömegi sebitleşdirmek Maksatnamasyna laýyklykda, bu merkez IIIA derejeli diýlip bellenildi. Merkezde pes agramly doglan we dürli agyr ýagdaýlary bolan bäbeklere kömek berilýär. Bejeriş işleri merkezde alnyp barylýan ylmy işlere laýyklykda amala aşyrylýar. Bu bolsa näsag çagalara ýokary derejeli kömek bermekde, şeýle-de çaga keselçiligini hem-de ölümçiligini peseltmekde giňden ýardam berýär.

Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkeziniň esasy ylmy ugry “Pes agramda doglan bäbekleri alyp barmagyň we uýgunlaşma mehanizminiň hilini gowulandyrmak”.

Türkmenistanyň çuňňur hormatlanýan Prezidentiniň Karary bilen döredilen bu merkez ylmy we amaly taýdan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda uly işleri alyp barýar.

Merkeziň çäginde ýerleşen kafedralarda uniwersitetiň we lukmançylyk orta mekdebiniň talyplary, intern lukmanlar, kliniki ordinatorlar, aspirantlar we dürli ugurly hünärmenler üçin nazary we amaly sapaklar geçirilýär.

Göwreli aýallara we täze doglan bäbeklere berilýän kömegi kämilleşdirmek üçin talyplar, intern lukmanlar we ýaş hünärmenler ýörite döwrebap simulýatorlar bilen enjamlaşdyrylan otagda (fantom otagy) amaly endikleri özleşdirilýär.

Işler merkezde Türkmenistanda kabul edilen, enäniň we çaganyň saglygyny goramaga gönükdirilen “Howpsuz enelik”, “Bäbekleriň ilkinji reanimasiýasy”, “Ene süýdi bilen emdirmekligi goramak we ony goldamak”, “Çagalaryň kesellerini bütewi usulda alyp barmak”, “Çaganyň irki ösüşi we ony mekdebe taýýarlamak” Milli maksatnamalara laýyklykda alnyp barylýar. “Çaganyň irki ösüşi we irki goşulyşma” usulyýet otagynda pes agramly doglan bäbekleriň ene-atalary bilen maslahat işleri we pes agramly çagalar bilen dikeldiş çäreleri geçirilýär.

Ýaş lukmanlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda telemedisinanyň mümkinçilikle­rinden peýdalanyp, kafedralaryň professor-mugallymlar düzümi we merkeziň alyp ba­ryjy hünärmenleri ýurdumyzyň ähli künjeklerinden agyr we çylşyrymly lukmançylyk ýagdaýlary boýunça näsaglara maslahat berýärler.

 

 

Doly gör ›
Habarlar

Soňky habarlar

Ählisini gör ›
Bildirişler

Soňky bildirişler

Ählisini gör ›
📅 30.10.2026

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti 2026-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Hasyl toýy mynasybetli sanly ulgam arkaly geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga çagyrýar

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti 2026-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Hasyl toýy mynasybetli sanly ulgam arkaly geçiriljek “Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi” atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga çagyrýar. Ylmy-amaly maslahatyň iş dilleri: türkmen, iňlis we rus. Ylmy-amaly maslahatyň tematik ugurlary: 1. Agronomçylyk, bagbançylyk we ekologiýa; 2. Oba hojalyk önümlerini öndürmek we gaýtadan işlemek tehnologiýasy; 3. Zootehniýa we weterinar lukmançylygy; 4. Agrosenagat toplumynda ykdysadyýet we dolandyryş; 5. Agroinženerçilik; 6. Oba hojalyk uniwersitetinde ynsanperwer we matematika ylymlary; 7. Ýeňil we dokma senagaty; 8. Suw gorlaryny dolandyrmakda we ulanmakda innowasion tehnologiýalar. Maslahata gatnaşmagyň görnüşleri: çykyş bilen uzak aralykdan (distansion) gatnaşmak ýa-da gaýybana gatnaşmak. Ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler zerur maglumatlary tabşyrmak üçin degişli şertleri we talaplary berjaý etmelidirler. Ylmy-amaly maslahata gatnaşmagyň şertleri: 1. Maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänleriň her biri diňe bir nutuk hödürläp biler we awtorlar ikiden köp bolmaly däldir. Işiň mazmuny özbaşdak ylmy-barlag häsiýetli we ady bilen kybapdaş bolmaly. 2. Maslahata gatnaşmak üçin nutugyň gysgaça beýany we annotasiýalary taýýarlanylmaly. Nutugyň gysgaça beýany ylmy-amaly maslahatyň iş dilleriniň birinde, annotasiýalar bolsa beýleki iki dilde bolmaly. 3. Maslahata daşary ýurtly gatnaşyjylaryň nutuklarynyň annotasiýalarynyň terjimeleri Guramaçylyk topary tarapyndan ýerine ýetiriler. 3.1 Maslahata ýerli gatnaşyjylar annotasiýanyň iňlis we rus dillerine terjimelerini ýokary okuw mekdepleriniň degişli kafedralarynda ýa-da terjime edaralarynda tassyklatmaly. 4. Daşary ýurtly gatnaşyjylar maslahatda etjek çykyşlarynyň tekstini taýýarlamaly we Guramaçylyk toparyna ibermeli (5-10 minutlyk çykyş, 5-6 sah.). 5. Maslahata ýerli gatnaşyjylaryň ylmy işiniň gysgaça beýany we annotasiýalar awtoryň işleýän edarasynda seredilmeli we Guramaçylyk toparyna iberilmeli. Hata nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalaryň elektron görnüşleri goşulmaly. 6. Iberilen resminamalaryň mazmunyna awtorlar şahsy jogapkärçilik çekýärler. 7. Maslahata gatnaşmak üçin hasaba alnyş görnüşi doldurylmaly (adaty şrift, Times New Roman, 12 pt): 1Familiýasy 2Ady 3Atasynyň ady 4Wezipesi 5Alymlyk derejesi, ady 6Işleýän ýeriniň doly ady 7Işleýän ýeriniň salgysy (poçta indeksini hem görkezmeli) 8Iş telefony, elektron salgysy 9Nutugyň ady 10Nutugyň tematiki ugry 11Nutuk haýsy dilde taýýarlandy 12Maslahata gatnaşmagyň görnüşi 8. Daşary ýurtly gatnaşyjylar hasaba alnyş görnüşini, degişli resminamalary, ylmy işiň gysgaça beýanyny, annotasiýasyny we dokladyny elektron görnüşde aşakdaky elektron salga ýollamaly: science.tm2024@gmail.com Nutuklaryň gysgaça beýanlaryna we annotasiýalaryna bildirilýän talaplar: 1. Nutugyň gysgaça beýanynyň möçberi A4 (210×297 mm) formatda 1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň her biriniň möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly. 2. Sahypa ölçegleri: ýokary we aşak taraplarda – 2,0 sm, çep tarapda – 2,5 sm, sag tarapda – 1,5 sm. Oriýentasiýasy – “kitap” görnüşli, şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1. 3. Ylmy işiň aýratynlyklaryna baglylykda nutugy şekiller, formulalar we tablisalar görnüşinde beýan etmäge ýol berilýär. Bu ýagdaýda her bir şekil sahypanyň görkezilen ölçeglerinden çykmaly däl, şrifti bolsa 14-den kiçi bolmaly däl. Nutugyň gysgaça beýanynyň umumy göwrümi şekiller, formulalar we tablisalar bilen bilelikde A4 formatdaky 1,5 sahypadan geçmeli däl. 4. Maslahata elektron görnüşde tabşyrylýan ähli materiallar diňe Word for Windows formatynda kabul edilýär (doc we docx giňeltmesi bilen). 5. Nutugyň gysgaça beýany we annotasiýalar bir faýlda saklanylmaly hem-de aşakdaky görnüşde bolmaly: - awtoryň ady, familiýasy sahypanyň sag gyrasy boýunça deňlemek bilen 14-lik şriftde setir harplar bilen goýy gara ýazylmaly, döwletiň ady ýaýyň içinde görkezilmeli; - eger nutugyň iki awtory bar bolsa, ilki çykyş edýäniň ady, familiýasy görkezilmeli; - nutugyň, gysgaça beýanyň we annotasiýalaryň atlary baş harplar bilen 16-lyk şriftde goýy gara görnüşde ýazylmaly we setiriň merkezi boýunça deňlenilmeli; - nutugyň gysgaça beýanynyň tekstini ýazmazdan öň 1 setir goýbermeli. 6. Nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalaryň tekstleri setiriň ini boýunça deňlenilmeli. Matematiki deňlemeler degişli formula redaktorlarynyň kömegi bilen ýazylmaly. 7. Nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalarynyň sahypalary belgilenilmeýär. 8. Iş tabşyrylandan soňra hödürlenilen düzedişler we goşundylar kabul edilmeýär. 9. Guramaçylyk toparynyň karary boýunça iş ylmy-amaly maslahata goýberilmän bilner. 10. Tabşyrylan resminamalar yzyna gaýtarylmaýar. 11. Ylmy-amaly maslahata gatnaşmak üçin degişli resminamalar, nutuklaryň gyçgaça beýanlary we annotasiýalary 2026-njy ýylyň 30-njy oktýabryna çenli kabul edilýär. 12. Bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän we bellenilen möhletden soň tabşyrylan işlere seredilmeýär. 13. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe, 143-nji jaý. 14. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +99365647291; +99362360336; +993 12 34-26-80. Üns beriň! - Nutugyň gysgaça beýany we annotasiýalar bir faýlyň içinde ýerleşdirilmeli. Faýlyň ady çykyş edýäniň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «tez» diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin, çykyş edýän – Ataýew Nurmyrat, faýlyň ady – «Ataýew N. tez». Nutuk aýratyn faýlda iberilmeli. - Hasaba alnyş görnüşleri nutugyň ähli awtorlary tarapyndan doldurylýar we bir faýlda ýerleşdirilýär. Ilki bilen, ylmy-amaly maslahatda çykyş edýäniň, soňra awtordaşyň hasaba alnyş görnüşleri ýerleşdirilýär. Hasaba alnyş maglumaty üçin faýlyň ady awtoryň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «reg» diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin, «Ataýew N. reg». - Faýllary arhiwlemeli däl!Halkara ylmy-amaly maslahatyň Guramaçylyk topary Nutugyň gysgaça beýanynyň nusgasy.Ata Ataýew, Berdi Berdiýew(Türkmenistan) TÜRKMENISTANYŇ PAGTAÇYLYK PUDAGYNDA AGROTEHNOLOGIÝALARYŇ ULANYLYŞY Gysgaça beýany. Makalanyň mazmuny oba hojalygynda alnyp barylýan çärelere, ösümlikleriň galyndylaryndan ekin meýdanlaryny arassalamak ulgamyny kämilleşdirmäge, sürüm gatlagynyň we pagtanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýän täze amatly tehnologiýalary we serişdeleri ornaşdyrmaga, az harajat bilen pagtaçylygy mehanizmleşdirmäge, ylaýta-da, onuň wajyp böleginiň biri bolan gowaça çöplerini ýygnamagy mehanizmleşdirmäge bolan talaplara gönükdirilen. Topragyň organiki düzümini ýokarlandyrmaga ýardam edýän ykdysady we energiýa tygşytlaýjy usullary kesgitlemek.

Ählisini gör ›
📅 22.10.2026

“Logistika” boýunça onlaýn bäsleşigi

Hormatly Prezidentimiziň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň (CICA) 7-nji sammitinde eden çykyşynda öňe süren başlangyçlarynyň we teklipleriniň ähmiýetini giňden wagyz etmek maksady bilen geçirilýär.I.UMUMY DÜZGÜNLER Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda ulag-logistika düzümini ösdürmek we kämilleşdirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, hereket edýän ulag-aragatnaşyk ulgamyny giňeltmek we täzelerini döretmek boýunça giň möçberli maksatnamalar amala aşyrylýar. Ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy bilen, önümçiligiň ähli görnüşiniň taýýar önümi çykarmaga bolan ukybynyň artdyrylmagy, bazar hyzmatlarynyň köptaraplaýyn ýola goýulmagy we innowasion ösüşleriň düýbüniň tutulmagy, ilkinji nobatda, adam maýasyny yzygiderli kämilleşdirmäge gönükdirilen çäreleriň durmuşa geçirilmegine esaslanýar. Ulag-logistika ulgamy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm bölegi bolup durýar. Şonuň üçin bu ugurda milli ykdysadyýetimiziň esasy ugry ösen we täsirli ulag ulgamyny döretmek, hyzmatlaryň hilini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmak, içerki we daşarky bazarlarda onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we üstaşyr mümkinçilikleri giňeltmek esasy wezipe bolup durýar. Şoňa görä-de,bu maksatlary durmuşa geçirmekde logistiki gurşawyň esasy ugurlaryň biri - bu ýaýlymda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakdyr. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde öňde goýulýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin logistler, programmaçylar, inženerler, tehnologlar ýaly hünärmenlere zerurlyk göz öňünde tutulyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň maksatnamalaryna täze ugurlary öwrenmek, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän hünärler boýunça hünärmenleri taýýarlamak bilen bagly wezipeler girizildi. Ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda “Logistika” boýunça onlaýn bäsleşiklerini yzygiderli geçirmek ýaşlarymyzyň logistikadan, sanly tehnologiýalardan netijeli peýdalanmakda ukyplaryny açyp görkezer, şeýle hem sanly özgertmeleri başdan geçirýän ýurdumyzda intelektual tehnologiýalary ulanmagy, çylşyrymly meselelerde bulary işjeň peýdalanmagy başarýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam eder. II.BÄSLEŞIGIŇ ESASY WEZIPELERI Ulag we logistika ýaly geljegi uly ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmak şertlerinde giňeldilmegi we durmuşa geçirmegiň çäklerinde geçiriljek “Logistika” boýunça onlaýn bäsleşiginiň esasy wezipeleri talyp ýaşlaryň öwrenen nazary bilimlerini kämilleşdirmeklerine, amaly endiklerini ýokarlandyrmaklaryna, häzirki döwürde ýüze çykýän ylmy we amaly meseleleri üstünlikli çözmäge, sanly tehnologiýalary özleşdirmeklerine, täze ylmy taglymatlary, öňdebaryjy barlaglary we tehnologik tejribeleri öwrenmeklerine, ukyply ýaş hünärmenleri taýýarlamaga, zehinleri has-da ýokarlandyrmaga, terbiýeçilik ähmiýetli işleri alyp barmaga gönükdirilendir.III. BÄSLEŞIGIŇ GEÇIRILIŞ TERTIBI WE ŞERTLERI 1. Bäsleşik 2026-njy ýylyň noýabr aýynyň 20-ne sagat 14:00-da hasaba alnan ýokary okuw mekdeplerinde bir wagtda geçiriler we ähli gatnaşýanlar wideoşekilli aragatnaşyk arkaly görkeziler.2. “ Logistika” boýunça onlaýn bäsleşigi ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilip, her bir ýokary okuw mekdebinden 5 (bäş) talyp gatnaşyp biler we guramaçy institutyň sanly bilim portalynyň binýadynda her ýokary okuw mekdebiniň özünden onlaýn görnüşinde gatnaşmak arkaly geçiriler.3. Olimpiada gatnaşýan ýokary okuw mekdebi olimpiada 30 sany test soragy we 4 sany mesele hödürläp biler. Hödürlenýän meseleler anyk çözüwi bilen guramaçylyk toparyna olimpiadanyň geçiriljek senesinden 10 gün öňünden ugradylmaly.4. Teklip edilýän soraglar logistikanyň we logistiki modelirlemegiň dürli ugurlaryna degişli bolup biler. Olimpiadany gurnaýan ýokary okuw mekdebi hödürlenen meseleleriň içinden 30 sany test soragy we 4 sany mesele saýlaýar. Her bir test soragy 2 ball bilen bahalandyrylýar. Her bir mesele 10 ball bilen bahalandyrylýar we bäsleşikde jemi 100 ball gazanmak mümkinçiligi bar.5. Gatnaşyjylara olimpiadanyň dowamynda 30 sany test soragy we 4 sany mesele çözmeklik üçin 2 sagat wagt berilýär.6. Gatnaşyjylara bäsleşigiň geçýän wagtynda öz ýany bilen mobil we elektron hasaplaýjy gurluşlary, foto, audio we wideo enjamlaryny, gözükdirji seriş-deleri, maglumat göterijileri we beýleki sanly serişdeleri ulanmaga rugsat berilmeýär.7. Bäsleşige gatnaşýan talyplar sowallary özbaşdak işlemeli. Bäsleşigiň geçirilýän wagtynda goşmaça kömek edilen, töweregindäki adamlar bilen gürrüň eden ýa-da kitap-gazet makalalaryny ulanan ýagdaýynda gatnaşyjy bäsleşge gatnaşýanlaryň hataryndan çykarylýar.8. Bäsleşige gatnaşýan talyplarynyň işleriniň netijesi boýunça düşünişmezlik ýüze çykan ýagdaýynda talyplara ýolbaşçylyk edýän mugallym guramaçylyk bahalandyryş toparyna arz-şikaýat bilen elektron poçta arkaly ýüz tutup biler: olousolymp@gmail.сom9. Arz-şikaýat ýüz tutmalar guramaçylyk-bahalandyryş topary tarapyndan seredilýär we ahyrky netijäni toparyň başlygy kesgitleýär, onuň ahyrky çözgüdi kabul edilýär.10. Bäsleşige gatnaşjak talyplar we jogapkär mugallym baradaky maglumatlary 2026-njy ýylyň noýabr aýynyň 15-na çenli aşakda görkezilen nusga laýyklykda (*.docх) faýlynda olousolymp@gmail.сom salgysyna ugratmaly. Ýokary okuw mekdebiniň ady T/bTalybyň familiýasy, ady we atasynyň adyÝyly,hünäriEl telefony,elektron poçtasynyň salgysy1 2 3 4 5 Jogapkär mugallymyň familiýasy,ady we atasynyň ady,wezipesi,telefon belgisi, elektron poçtasynyň salgysy IV. BÄSLEŞIGIŇ NETIJELERINI JEMLEMEK WE ÝEŇIJILERI SYLAGLAMAK 1.Bäsleşikde gazanyljak ballaryň iň ýokary mümkinçiligi 100 ball.2.Bäsleşigiň netijesi her gatnaşyjynyň toplan ballarynyň jemi boýunça kesgitlener.3.Bäsleşigiň netijesi beýanlar arkaly resmileşdiriler, guramaçylyk-bahalandyryş toparynyň netijenamasy esasynda tapawutlanan talyplar ýeňiji diýip yglan ediler we olar I,II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanar. Habarlaşmak üçin telefonlar:+99363762276E-mail: olousolymp@gmail.сom

Ählisini gör ›
📅 22.10.2026

Maliye hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýokary hünär bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de ösdürmek baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek, talyplaryň ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda nazary bilimlerini çuňlaşdyrmak we amaly başarnyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasyny guramak we geçirmek boyunça şu Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.I. Umumy düzgünler1. Şu Düzgünnama ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda «Maliye hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boýunça Açyk halkara internet olimpiadasyny guramagyň we geçirmegiň tertibini kesgitleýär.2. Açyk halkara internet olimpiadasynyň geçirilmegi «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersine degişli meseleleri özbaşdak çözmegi başarýan zehinli talyp ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam eder.3. Açyk halkara internet olimpiadasynyň maksady şu aşakdakylardan ybarat:a) «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boyunça ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň nazary bilimlerini çuňlaşdyrmak we amaly başarnyklaryny kämilleşdirmek;b) «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boyunça talyplaryň pikirlenmelerini we dünýägaraýyşlaryny ösdürmek;c) ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň arasynda özara pikir alyşmalary guramak;d) amatly dolandyryş çözgütlerini kabul etmäge ukyply ýaş hünärmenleri taýýarlamak.4. Açyk halkara internet olimpiadasynyň wezipesi şu aşakdakylardan ybarat:a) sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersine degişli meseleleri çözmeklige gyzyklanma döretmek;b) zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň intellektual taýdan ösüşi bilen bagly oňyn şertleri döretmek;c) sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiyalary arkaly ýokary okuw mekdepleriň arasynda özara gatnaşyklary alyp barmak.II. Açyk halkara internet olimpiadanyň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi5. Ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boýunça Açyk halkara internet olimpiadasyny guramak we geçirmek boyunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin Guramaçylyk topary döredilýär. Guramaçylyk toparynyň düzümi Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanýar.6. Guramaçylyk topary:a) ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary> dersi boyunça Açyk halkara internet olimpiadasyny geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de olimpiadany guramak we geçirmek boyunça guramaçylyk işlerini ýerine ýetirýär;b) Açyk halkara internet olimpiadany geçirmegiň tertibini we möhletini kesgitlemek boyunça teklipleri, usulyýet we gözükdiriji gollanmalary taýýarlaýar;c) Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bilen Açyk halkara internet olimpiadanyň meselelerini işläp taýýarlamak boyunça zerur işleri alyp barýar.III. Açyk halkara internet olimpiadany guramagyň we geçirmegiň tertibi7. Açyk halkara internet olimpiada Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň bilim maksatnamalary boyunça dürli taýýarlyk ugurlarda/hünärlerde okaýan talyplary gatnaşyp bilerler;8. Açyk halkara internet olimpiada her ýokary okuw mekdebinden 4-den (dörtden) köp bolmadyk talyp gatnaşyp biler.9. Açyk halkara internet olimpiadanyň resmi iş dilleri - türkmen, iňlis we rus dilleridir.10. Yokary okuw mekdepleri Açyk halkara internet olimpiada gatnaşýan talyplar baradaky maglumatlary Türkmen döwlet maliye institutynyň tdmai.tbm@gmail.com elektron poçtasyna 2026-njy ýylyň 21-nji noýabryna çenli ibermelidirler.11. Açyk halkara internet olimpiada 2026-njy ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmen döwlet maliýe institutynyň resmi internet sahypasynda «Moodle» platformasy arkaly geçiriler. Başlanýan wagty sagat 12:00 (Aşgabat wagty).12. «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boyunça geçiriljek Açyk halkara internet olimpiadada 10 (on) sany ýumuş hödürlener we olary çözmek üçin 120 (bir ýüz ýigrimi) minut wagt berler.13. Açyk halkara internet olimpiada gatnaşýan her bir talyp berilýän ýumuşlary özbaşdak ýerine ýetirmelidir. Açyk halkara internet olimpiadanyň geçýän wagtynda talyplara biri-biri bilen gepleşmäge, dürli neşir önümlerinden peýdalanmaga rugsat berilmeyär. Şu düzgünleri berjaý etmeýän talyplar olimpiada gatnaşýanlaryň hataryndan çykarylar.14. Açyk halkara internet olimpiadanyň Eminler toparynyň düzümine Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ylym-bilim edaralarynyň wekilleri girer. Eminler toparynyň düzümi webaşlygy Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanýar.15. Eminler topary olimpiada gatnaşýan talyplaryň işlerini bahalandyrýar we netijelerini jemleýär.16. Arz-şikayatlara Eminler topary tarapyndan seredilýär we ahyrky netijäni Eminler toparynyň başlygy kesgitleyär. Çykarylan gutarnykly netije üýtgedilmeyär.V. Açyk halkara internet olimpiadanyň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi17. Açyk halkara internet olimpiadanyň netijesi şahsy bäsleşikde toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlenýär.18. Açyk halkara internet olimpiadanyň netijeleri beyanlar arkaly resmileşdirilýär we Eminler toparynyň netijenamasy esasynda ýeňijileriň düzümi Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.19. Yeňijileriň umumy sany gatnaşyjylaryň 50%-den geçmeli däldir. Diplomlar 1:2:3 gatnaşykda kesgitlenilýär.20. Açyk halkara internet olimpiadanyň ýeňijileri I, II we III derejeli Diplomlar bilen sylaglanylýar.21. Açyk halkara internet olimpiadada 6 (alty) sany meseläni doly çözen, ýöne baýrakly orna mynasyp bolup bilmedik talyplar höweslendiriji Hormat haty bilen sylaglanylýar.

Ählisini gör ›
8
Fakultetler
57
Kafedralar
11
Hünärler
3
Ugurlar
3
Kliniki merkezler
475
Mugallymlar
5855
Talyplar