Çaga keselleriniň propedewtikasy kafedrasynyň müdiri, dosent, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty,Allanazarowa Ogulgurban Hajyýewna


Tel: (+99312) 43-52-03  e-mail: 

Salgysy: Aşgabat ş, B.Annanowa köçesi 28, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezi , 2-nji gat




Çaga keselleriniň propedewtikasy kafedrasy 1982-nji ýylda döredildi, onuň okuw binýady Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw - ylmy merkezi bolup durýar. Kafedrada amaly we beýan sapaklary üç ders boýunça alnyp barylýar: “Pediatryň amaly endikleri”, “Bäbekleriň kliniki fiziologiýasy”, “Çaga keselleriniň propedewtikasy”.


“Pediatryň amaly endikleri” dersi sagdyn we näsag çagalara edilýän idegiň usullaryny, dürli amaly endikleriň ýerine ýetirilişini, derman serişdeleriniň ulanylyş usullaryny, çagalarda duş gelýän dürli gaýragoýulmasyz, agyr ýagdaýlarda lukmana çenli ilkinji kömegiň berlişini öz içine alýar.


“Bäbekleriň kliniki fiziologiýasy” dersi boýunça talyplar bäbekleriň fiziologiýasy we patologiýasy, anesteziologiýa we reanimasiýa bölümleriniň işiniň gurnalyşynyň aýratynlyklaryny; wagtynda we wagtyndan öň doglan bäbekleriň synalarynyň we ulgamlarynyň morfofunksional aýratynlyklaryny; dogrum öýlerinde ilkinji arassalaýyş işleriniň geçirilişini, olara edilýän idegiň aýratynlyklaryny; öňüni alyş sanjymlaryň geçirilişini, olaryň ähmiýetini öwrenýärler. Amaly sapaklar dogrum öýlerinde, bäbekleriň fiziologiýasy we patologiýasy we reanimasiýa bölümlerinde geçirilýär.


“Çaga keselleriniň propedewtikasy” dersini öwrenmek bilen, talyplar lukmançylyk deontologiýasynyň, etikasynyň, estetikasynyň aýratynlyklaryny, sagdyn we näsag çagalaryň barlag usullaryny; çagalaryň dürli synalarynyň we ulgamlarynyň anatomo–fiziologik aýratynlyklaryny; dürli keselleriň alamatlaryny we sagdyn çagalaryň iýmitlendirilişi babatdaky maglumatlary özleşdirýärler.


Talyplar Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy tarapyndan teklip edilen maglumatlary, şeýle hem ýokary okuw mekdebiniň okuw meýilnamasyna girizilen Türkmenistanyň “Çaga keselleriniň bütewi alnyp barlyşy”, “Ene süýdüni goramak we goldamak”, “Howpsuz enelik”, “Çaganyň irki ösüşi” Milli maksatnamalaryny öwrenýärler.


Kafedrada döwlet dilinde “Lukmançylyk bilimleriniň esaslary” we “Çaga keselleriniň propedewtikasy” okuw kitaplary çapdan çykdy. Hemme dersler boýunça usuly gollanmalar, situasion meseleleriň ýygyndylary, test soraglar taýýarlandy. Beýan sapaklaryň maglumatlary albom, prezentasiýa we elektron görnüşde uniwersitetiň kitaphanasynda ýerleşdirilen.


Kafedrada ýerine ýetirilýän ylmy- barlag işleriň ugurlary: çaganyň agramyna baglylykda ýokarky iýmit siňdiriş ulgamynyň endoskopiki aýratynlyklary; pes agramly doglan bäbeklerde bejeriş-dikeldiş çäreleriniň kämilleşdirilmesi; kiçi ýaşly çagalarda ýokanç-toksiki şogyň bejeriş algoritmleri; bäbeklerde ýürek-damar ulgamynyň funksional bozulmalary; uzak wagtlaýyn içi geçýän çagalaryň mikronutriýentleriniň bozulmalary.


 Kafedranyň mugallymlary lukmanlaryň irki maslahatlaryna gatnaşýarlar, allergologiýa we pulmonologiýa, bäbekleriň fiziologiýasy we patologiýasy bölümlerinde näsaglara gözegçilik edýärler, Türkmenistanyň ähli sebitlerinde gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini berýärler. Mundan başga-da, keseliň taryhlaryna syn berýärler, olaryň seljerilip, ara alyp maslahatlaşmalaryna işjeň gatnaşýarlar. Kafedranyň işgärleri telelukmançylyk arkaly agyr näsag çagalara maslahat beriş işlerini geçirýärler.






Esasy görkezijiler
5111
Talyplar
57
Ugurlar
449
Mugallymlar