Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri Ataýew Kakajan Amandurdyýewiç 


Salgysy:  Aşgabat ş., Arçabil şaýoly jaý18. Biologiýa bina, 1-nji gat, 3121-nji otag

Tеl: (+99312) 48-99-26

E-mail: tdlutm@online.tm




Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy 1932-nji ýylda döredildi. Häzirki wagtda kafedrada şu dersler boýunça bilim berilýär: “Türkmenistanyň taryhy”, “Pelsepe”, “Jemgyýeti öwreniş”, “Syýasatşynaslyk”, “Ykdysadyýet nazaryýeti”, “Garaşsyz Türkmenistanyň Täze Galkynyş döwri”. Kafedrada 3 beýan zaly, şol sanda ylmy-amaly maslahatlary geçirmek üçin zal hem bar, okuw otaglary häzirki zaman kompýuter tehnikasy bilen enjamlaşdyrylan.


Kafedranyň ylmy-barlag işi Merkezi Aziýanyň halklarynyň filosofiki we jemgyýetçilik-syýasy pikiriniň taryhynyň dürli tapgyrlaryny; tebigat ylymlarynyň filosofiki meselelerini; milletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşini, halkara we ahlak terbiýesini; lukmançylyk we saglygy goraýşyň taryhyny öwrenmekden ybaratdyr.


Kafedrada 4 doktorlyk we 6 kandidatlyk dissertasiýa goraldy. Professor-mugallymlar düzümi tarapyndan 400-den gowrak ylmy iş, şol sanda 44 monografiýa neşir edildi. Ylmy işleriň netijeleri ylmy-amaly maslahatlaryň ýygyndylarynda, ýurdumyzda we halkara ylmy žurnallarda çap edilýär.


Terbiýeçilik işlerini geçirmek maksady bilen talyplar bilen ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşy babatdaky soraglar boýunça duşuşyklar gurnalýar. Kafedrada "Watan", "Pelsepe" we "Jemgyýeti öwreniş" ylmy gurnaklary bolup, onda ýaşlar barada ýüze çykýan meseleler boýunça talyplaryň arasynda sorag-jogap geçirmeklik işiň bir görnüşi bolup durýar.

Esasy görkezijiler
4703
Talyplar
55
Ugurlar
434
Mugallymlar