Biziň talyplarymyz we ýaş alymlarymyz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça yglan edýän bäsleşigine işjeň gatnaşýarlar we ýylyň-ýylyna baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. 2022-nji ýylda geçirilen bäsleşigiň ýeňijileri: Rozyýew Hangeldi – Harby lukmançylygy fakultetiniň 6-njy ýyl talyby 1-nji ýerе, Hommadow Orazmyrat – Saglygy dikeldiş we adaty däl lukmançylygy hünäriniň 6-njy ýyl talyby 2-nji ýerе, Baýramow Serdar – Medisina himiýa kafedrasynyň mugallymy 3-nji ýere mynasyp boldular.

Russiýa Federasiýasynyň Nižniý Nowgorod şäherinde ýerleşýän “Professional ylym” merkezi tarapyndan 2022-nji ýylyň 15-nji fewralynda geçirilen ylmy bäsleşikde Kesel bejeriş fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Ş.Tekäýew “Biologiýa, himiýa we lukmançylyk” ugry boýunça 1-nji hem-de Höweslendiriji baýraga mynasyp boldy.

Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde ýerleşýän I.P. Pawlow adyndaky Birinji Sankt-Peterburg Döwlet lukmançylyk uniwersiteti tarapyndan 2022-nji ýylyň 24-26-njy aprelinde geçirilen ylmy bäsleşikde Bejeriş bedenterbiýesi, saglygy dikeldiş we sport lukmançylygy kafedrasynyň kliniki ordinatory A.Ýagmyrow “Biomedisinanyň derwaýys meseleleri” ugry boýunça “Влияние чая “Саглык” на физическую активность лабораторных животных” atly ylmy işi bilen 3-nji orna eýe boldy.


Esasy görkezijiler
5111
Talyplar
57
Ugurlar
449
Mugallymlar