Medisina biologiýasy we genetika kafedrasynyň müdiri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent Orazjahan Begenjowna Ballyýewa

tel: (+99312) 48-99-32  e-mail: 


Salgysy:  Aşgabat ş., Arçabil şaýoly jaý18. Biologiýa bina,

4-nji gat, 3422-nji otag.






Kafedra 1932-nji ýylda esaslandyryldy. Onda häzirki zaman mikroskoplar, lupalar, makro- we mikropreparatlar bilen üpjün edilen okuw otaglary; häzirki zaman ülňülerine gabat gelýän laboratoriýa, biologik muzeý we gerbariý fondy ýerleşýär.


“Medisina biologiýasy we genetika” dersi uniwersitetiň ähli fakultetleriniň 1-nji ýyl talyplarynda, “Derman ösümlikleriniň botanikasy” dersi farmasewtika fakultetiniň 1-2-nji ýyl talyplarynda alnyp barylýar.


Kafedranyň işgärleri tarapyndan iki sany okuw kitaby: “Lukmançylyk genetikasynyň esaslary”, “Derman ösümlikleriniň botanikasy”, şeýle hem “Lukmançylyk protozoologiýasy boýunça atlas” we 60-dan gowrak usuly gollanmalar çap edildi. Beýan sapaklary boýunça maglumatlar multimediýa görnüşinde, şeýle-de elektron görnüşde berlen. Ýöriteleşdirilen toparlar bilen amaly sapaklar iňlis dilinde alnyp barylýar.


Ylmy-barlag işleri Bathyzyň efemeroidleriniň bioekologik aýratynlyklaryny we olaryň hojalyk ähmiýetini; tut agajynyň ýapraklaryndan taýýarlanan derman serişdeleriniň immunobiologik alamatlaryny we ýüpek gurçugynyň bölündilerini; palaw kädisiniň β karotinleriniň ýetginjeklerde sitokinleriň sekresiýasyna täsirini öwrenmekden ybarat.


Kafedranyň ylmy-barlag işleriniň netijeleri Türkmenistanyň döwürleýin  neşirlerinde we daşary ýurt ylmy-amaly maslahatlarynyň ýygyndylarynda çap edilýär. Kafedranyň işgärleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde medisina biologiýasyna degişli dürli temalar we Türkmenistanda ösýän dermanlyk ösümlikleri boýunça yzygiderli çykyş edýärler.


Kafedranyň mugallymlary tarapyndan taýýarlanan talyplar ylmy gurnagynyň agzalary ýurdumyzda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda biologiýa dersinden geçirilýän bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

Esasy görkezijiler
5111
Talyplar
57
Ugurlar
449
Mugallymlar