Kesel bejeriş fakulteti


 





Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kesel bejeriş fakultetiniň dekany Rzaýew  Derýaguly Hudaýgulyýewiç  


Salgysy: Тürkmenistan, ş. Aşgabat, Arçabil şaýoly 18, Baş binasy, 1 etaž, otag 1117

tel: (+99312) 48-98-25  e-mail: 



Kesel bejeriş fakulteti 1932-nji ýylda esaslandyryldy, ol talyplary lukmançylyk käri boýunça dürli inçe we giň ugurly hünärmenler hökmünde taýýarlamakda köpýyllyk däplere eýedir. Ýokary okuw mekdebiniň iň uly fakulteti bolup durýar. Fakultetiň düzüminde 19 kafedra, talyplar dekanaty, fakultetiň alymlar geňeşi we okuw-usuly iş topary hereket edýär.


Kesel bejeriş fakultetinde esasanda maşgala lukmanlary we ýöriteleşdirilen ugurlar boýunça lukman hünärleri taýýarlanylýar. Olar saglygy goraýyş ulgamynda wajyp gerek bolan hirurg, iç keselleri, kardiolog, akuşer-ginekolog, onkolog, oftalmolog, deri-wenerolog, endokrinolog, reanimatolog, urolog we onlarça beýleki hünärmenlerdir. 


Türkmenistanyň iri bejeriş-keselleriň öňüni alyş merkezleri, şol sanda Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi, S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkezi, Ýokanç keseller merkezler müdirýeti, Halkara şikesleri bejeriş merkezi, Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezi, Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi we başgalar fakultetiň kliniki binýady bolup hyzmat edýärler. Fakultetiň düzümine girýän kafedralar döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen bolup, bu kafedralarda professorlaryň dosentleriň, uly mugallymlaryň, assistentleriň agzybir toparlary zähmet çekip, talyplara döwrebap bilim berýärler. 


Hormatly Arkadagymyzyň kabul eden “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň we ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasyna” laýyklykda, biziň ýokary okuw mekdebimizde hem Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan işlenip taýýarlanan Sanly bilim portaly okuw işine ornaşdyryldy.


Sanly bilim portalyna uniwersitetimiziň ähli kafedralarynda meýilnama boýunça okadylýan derslerin amaly we beýan sapaklary, okuw işine degişli ähli maglumatlary ornaşdyryldy we elektron kitaphanasy hem çatyldy. Bu portala ýokary okuw mekdebimizde geçirilýän ylmy-amaly maslahatlar, medeni-köpçülik çäreleri, talyplaryň gazanan üstünlikleri we beýleki täzelikler hem yzygiderli girizilýar.


Biziň talyplarymyzyň portalda ýerleşdirilen maglumatlardan kitaphanadan we umumy ýaşaýyş jaýlaryndan islendik wagt özbaşdak peýdalanmaga mümkinçilikleri bar. Bu bolsa talyplaryň dünýä derejesinde bilim almaklaryna, kämil hem ukyply hünärmen bolup ýetişmekleri üçin möhüm şertleriň biri bolup durýar.


Kafedralaryň arasynda teleköprüleriň gurnalmagy okuw sapaklaryny integrirlenen görnüşde geçirmäge mümkinçilik berýär. Fakultetiň professor-mugallymlary we talyplary tarapyndan lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Her ýyl kesel bejeriş fakultetiniň talyplary dürli halkara internet olimpiadalaryna, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän ýaş alymlar bäsleşigine gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler.


  

Esasy görkezijiler
5111
Talyplar
57
Ugurlar
449
Mugallymlar