Çaga stomatologiýasy kafedrasynyň müdiri Bibi Çaryýewna Ataýewa

tel: +993 64 07-21-06   e-mail: 


Salgysy:  Aşgabat ş., Gahryman A.Nyýazow köçe (2038). Jaý 203. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezi, 3-nji gat, 3127-nji otag.




Çaga stomatologiýasy kafedrasy 1990-njy ýylda döredildi. Soňra bu kafedra täze at berildi we ol 2014-nji ýylda stomatologiýa fakultetiniň düzümine girmek bilen lukmançylyk uniwersitetiniň özbaşdak bölümçesi boldy. Kafedrada stomatologiýa fakultetiniň talyplary okadylýarlar, pediatriýa fakultetiniň 3-nji ýyl talyplary çaga stomatologiýasy dersini öwrenýärler we lukman stomatologlar çaga terapewtik stomatologiýasy boýunça öz hünär derejesini ýokarlandyrýarlar.


Çaga terapewtik stomatologiýasy dersi çagalarda dişleriň kariýesi we olaryň gaýraüzülmeleriniň anyklanyş we bejeriş aýratynlyklaryny, dişleriň gaty dokumalarynyň zeperlenmelerini, parodontyň gaýnaglamasyny we beýl., şeýle hem stoma­tologiýa kömeginiň guralyş tertibini öz içine alýar. Ortodontiýa boýunça okuw sapaklarynda äň-ýüz töwereginiň ösüşi, äň-ýüz ulgamynyň umumylykdaky kämilleşmesi, şeýle hem okklýuziýa anomaliýalarynyň anyklanyşy, öňüniň alnyşy we bejerilişi öwrenilýär. Çaga hirurgik stomatologiýasy dersi çagalarda süýt we hemişelik dişleriň periodontitiniň anyklanyşyny we bejerilişini, onuň gaýra üzülmelerini, abssesi, flegmonany, sülekeý mäzleriniň kesellerini, äň-ýüz töwereginiň şikeslerini, anomaliýalaryny, çişlerini we başg. öwrenmekligi öz içine alýar. Talyplar okuw sapaklarynda çagalarda we ýetginjeklerde agyz boşlugynyň has ýaýran kesellerine garşy çäreleri we öňüni alyş serişdelerini öwrenýärler.


 Her ders boýunça mugallymlar düzümi tarapyndan onlarça okuw-usuly gollanmalar we görkezme esbaplar taýýarlandy. Mundan başga-da, “Çagalarda agyz boşlugynyň keselleri”, “Çagalarda agyz boşlugynyň keselleriniň öňüni almak”, „Çagalarda parodont keseli”, „Çagalarda dişleriň gaty dokumalarynyň keselleri” okuw kitaplary çapdan çykaryldy.


 Kafedranyň mugallymlarynyň ylmy işleri dişleriň kariýesiniň klinikasyny, anyklanyşyny, bejermegiň häzirki zaman usullaryny, çagalarda dowamly odontogen ojaklaryny; çagalarda parodont keselleriniň irki anyklanyşyny; çagalarda dişleriň gatnaşyklarynyň bozulmalarynda parodontyň dişýany dokumalarynyň anyklanyşyny öwrenmeklikden ybarat.

      

Esasy görkezijiler
5111
Talyplar
57
Ugurlar
449
Mugallymlar