Gulak, burun, bokurdak keselleri kafedrasynyň müdiri lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty T.A.Garaýew


Salgysy:  Aşgabat ş., S.A.Nyýazow adyndaky bejeriş-maslahat beriş merkezi, Gulak, burun, bokurdak keselleri kafedrasy, 3-nji gat

Tel: (+99312) 43-85-22

e-mail: 


Gulak, burun, bokurdak keselleri kafedrasy 1932-nji ýylda döredilen. Häzirki wagtda onuň kliniki binýady S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkeziniň otorinolaringologiýa bölümi bolup durýar.


Kafedranyň mugallymlary uniwersitetiň ähli fakultetleriniň 5-6-njy ýyl talyplary bilen okuw-usuly işlerini geçirýärler. Lukmanlaryň diplomdan soňky hünär derejesini ýokarlandyryş okuwy üçin iki hepdelik siklleýin maksatnamasy tassyklandy.


Kafedranyň işgärleri okuw işleri we guramaçylyk çäreleri bilen bir hatarda ylmy we bejeriş-maslahat beriş işlerini alyp barýarlar. Ylmy-barlag işleriniň netijeleri ylmy žurnallarda, maslahatlaryň, kongresleriň ýygyndylarynda çap edilýär.


Kafedrada 1 doktorlyk we 13 sany kandidatlyk dissertasiýalary goraldy. M.Atamyradow tarapyndan Sankt-Peterburgly professorlar A.I.Lopotko we M.S.Plužnikow bilen bilelikde "Старческая тугоухость" (“Garrylyk bilen baglanyşykly eşidişiň peselmesi”) atly çap edilen monografiýa köp ýyllyk ylmy-barlag işleriniň netijesi bolup durýar. Kafedranyň mugallymlary tarapyndan "Gulak, burun, bokurdak keselleri" okuw kitaby türkmen dilinde çap edildi.


Türkmen otorinolaringologlaryň köptaraplaýyn alyp barýan okuw-terbiýeçilik, bejeriş-maslahat beriş, ylmy-barlag we guramaçylyk işleri halkara otorinolaringologlaryň jemgyýetçiligi tarapyndan hem ykrar edildi. GBB keselleri kafedrasynyň professory M.A.Atamyradow 1994-nji ýylda Halkara otorinolaringologiýa akademiýasynyň (Kelläniň we boýnuň hirurgiýasy) akademigi hökmünde saýlandy (Finlýandiýa).


Kafedrada bilim beriş we okuw işleri yzygider kämilleşdirilýär, ylmy-barlag işleriniň döwrebaplaşdyrylmagy amala aşyrylýar. Talyplaryň okatmaklygyň modul görnüşine geçmek, okuw materiallaryny sanly ulgama geçirmek, innowasion amaly usullardan peýdalanmak, beýanlaryň interaktiw miiltimediýa görnüşinde okatmak we başg. ornaşdyryldy.


Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň tabşyrygy boýunça gulak, burun, bokurdak keselleri kafedrasynyň işgärleri tarapyndan Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi bilen bilelikde “Çagalarda eşidişin barlagynda innowasion usullar we onuň netijeliligini ýokarlandyrmak” temasy boýunça ylmy iş alnyp barylýar.


Kafedrada talyplar ylmy-barlag işlerine işjeň çekilýärler. Netijede, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan her ýyl geçirilýän ýaş alymlaryň bäsleşiginde taýýarlanan talyplaryň ylmy işleri boýunça üç gezek 1-nji оrun eýelendi.

Esasy görkezijiler
5111
Talyplar
57
Ugurlar
449
Mugallymlar