Ýokanç çaga keselleri kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Çarymyrat Garlyýew

tel: (+99312) 73-92-45  e-mail: 


Salgysy:  Aşgabat ş., O.Annaýew köçe Jaý 79. Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýeti, ýokanç keselleri bejeriş-öňüni alyş merkezi bina, 3-nji gat, 

6A 368-nji otag.



1932-nji ýylda Türkmen döwlet lukmançylyk institutynyň döredilen gününden bäri ýokanç keseller kafedrasynda çaga ýokanç keselleri aýratyn ugur hökmünde okadylýar. Özbaşdak bölüm hökmünde kafedranyň taryhy 1988-nji ýyldan başlaýar.


Häzirki wagtda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýokanç keselleri Merkezleriniň müdiriýetiniň Ýokanç keselleri bejeriş we öňüni alyş Merkezi kafedranyň kliniki bazasy bolup, ol halkara ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edilendir. Bu ýerde epidemiologiýa, geçişiň kliniki aýratynlyklary, ýokanç çaga kesellerini anyklamak we bejermek ugurlary boýunça bilim berilýär.


Kafedranyň mugallymlary tarapyndan “Çaga ýokanç keselleri” we “Ýokanç keseller” okuw kitaplary, mugallymçylyk orta okuw mekdebi üçin bolsa ”Lukmançylyk bilimleriniň esaslary” atly okuw kitaby çap edildi.


Kafedrada “Infeksion mononukleozyň kliniki geçişi, anyklaýyş we bejeriş usullaryny kämilleşdirmek” we “Rotawirusly gastroenteritleriň bejerilişiniň kliniki-anyklaýyş usullaryny kämilleşdirme” atly temalar boýunça ylmy işler taýýarlanyp tamamlandy. Häzirki döwürde çaga ýokanç keselleriniň kliniki-epidemiologik aýratynlyklary we olaryň öňüni alyş çäreleriniň geçirilişi öwrenilýär.


Okuw-usuly işler hem ýokary derejede alnyp barylýar. Beýan we amaly sapaklaryň hemmesi elektron görnüşe geçirilip, kafedranyň görkezme esbaplary albom, jetwel, wideofilmler görnüşinde taýýarlandy. Her tema boýunça test soraglary we okuw-usuly gollanmalar işlenip düzüldi. Ýokanç keselleriň öňüni almaklyga bagyşlanan “Grip H1N1 wirusy” atly usuly gollanma döwlet derejesinde ilkinji gezek türkmen, rus, iňlis dillerinde çap edildi.


Kafedra tarapyndan çaga ýokanç keselleri boýunça “Kär häsiýetnamalary”, okuw-usuly gollanmalar taýýarlandy, talyplar we lukmanlar üçin amaly endikleriň sanawy tassyklandy. Okuw ýylynyň dowamynda kafedranyň mugallymlary ýaş mugallymlar, 5-6-njy ýyllaryň talyplary, kliniki ordinatorlar we ýaş lukmanlar üçin açyk sapaklary geçirýärler.


Kafedrada ýaşlaryň bilimini çuňlaşdyrmak, olarda ylma, bilime bolan höwesi artdyrmak, özbaşdak işlemek ukyplaryny ösdürmek, döredijilik gözleglerini höweslendirmek we zehinli ýaşlary ýüze çykarmak boýunça işler geçirilýär. Bäsleşikler diňe talyp ýaşlaryň arasynda däl-de, eýsem mugallymlaryň arasynda hem döwlet derejesinde geçirilýär („Ýylyň mugallymy“,“Ýaş alymlaryň“ bäsleşigi).


Kafedranyň mugallymlary Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýanyndaky “Lukmançylyk ylymlary” atly usuly geňeşiň we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň “Utgaşdyryjy iş toparynyň” we ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary iş toparynyň agzalary bolmak bilen, ýokanç keselleriň öňüni almakda işjeň gatnaşýarlar, Türkmenistanyň ähli sebitlerinde maslahat beriş işlerini we amaly sapaklary geçirýärler. Kafedranyň mugallymlary teleýaýlymlarda, radioda yzygider çykyş edip, döwürleýin neşirlerde ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça ylmy makalalary çap edýärler.

         

Esasy görkezijiler
5111
Talyplar
57
Ugurlar
449
Mugallymlar