Gospital hirurgiýasy kafedrasynyň müdiri Gadamow Şanazar Nazarowiç

   

Salgysy:  Aşgabat ş., S.A.Nyýazow adyndaky bejeriş-maslahat beriş merkezi, bagyr hirurgiýa bölümi, 3-nji gat

Tel: (+99312) 43-74-78

e-poçta: 




Gospital hirurgiýasy kafedrasy baýry kafedralaryň biri bolup, ol 1937-nji ýylda döredildi. Kafedranyň häzirki zaman kliniki binýatlary S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkezi (bagryň hirurgiýasy, endokrin, plastiki we dikeldiş hirurgiýasy bölümleri), Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana (damar hirurgiýasy bölümi) bolup durýar.


Kafedrada kesel bejeriş, pediatriýa, keselleriň öňüni alyş, harby lukmançylyk, sport lukmançylygy fakultetleriniň, şeýle hem saglygy dikeldiş we adaty däl lukmançylyk hünäriniň 5-6-njy ýyl talyplary bilim alýarlar.


Kafedrada “Hirurgiýa”, “Hirurgik keseller” atly okuw kitaplary neşir edildi, türkmen dilinde 200-den gowrak we iňlis dilinde 27 sany usuly gollanma, şol sanda “Gaýragoýulmasyz lkinji hirurgik kömegi” atly gollanma hem taýýarlandy. Kafedrada beýanlaryň materiallary albomlar, ses ýazgylary, multimediýa prezentasiýalary we elektron görnüşde berlen.


Ylmy-barlag işleri aşakdaky ugurlar boýunça alnyp barylýar: tenzometriýanyň kömegi bilen garyn ingileriniň alloplastikasyny saýlamak; anorektal keselleriň hirurgik bejergisini kämilleşdirmek; bagyr, öt ýollary we aşgazanasty mäziň keselleriniň hirurgik bejergisini kämilleşdirmek; aşaky ahyrlaryň wena damarlarynyň tromboemboliýalarynyň bejergisiniň rentgenendohirurgik usullaryny kämilleşdirmek.


Häzirki wagtda anyklanyşyň we bejerişiň az inwaziw usullaryny ulanmak üçin görkezmeler, käbir patologik ýagdaýlarda däp bolan çemeleşmeler täzeden seredilýär. Munuň bilen baglylykda “Hirurgik näsaglaryň anyklanyşynda, bejerilişinde we olaryň saglygyny dikeltmekde häzirki zaman tehnologiýalar” atly toplumlaýyn ylmy-barlag işi alnyp barylýar. Onuň çäklerinde abdominal hirurgiýa, lukmançylyk enjamlarynyň täzeden işlenişine we kämilleşdirilmegine, hirurgiýada we transplantologiýada az inwaziw tehnologiýalara aýratyn ähmiýet berilýär.Ylmy barlaglaryň netijesinde hirurgik keselleriň anyklanyşynyň täze usulyýeti, täze lukmançylyk tehnologiýalarynyň ulanylmagy bilen hirurgik näsaglary dikeltmekligiň we bejermekligiň tärleri işlenip düzüldi, olara oýlap tapyşlar üçin 20 patent alyndy; 12 rasionalizatorlyk teklip berildi; ornaşdyrmagyň 18 namasy resmileşdirildi. Anyklanyşyň we bejerişiň teklip edilen usulyýeti ambulator – polikliniki edaralaryň we hirurgik stasionarlaryň amalyýetine, şeýle hem ýokary okuw mekdebiniň okuw usuly işlerine ornaşdyryldy.


Kafedranyň professor-mugallymlar düzümi öz işleriniň netijelerini birnäçe gezek halkara kongreslere, simpoziumlara we maslahatlara hödürledi. Kafedranyň ylmy işleri şulardan ybarat: 5 monografiýa, 25 oýlap tapyş, 30 rasionalizatorlyk teklip, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ylmy žurnallarynda, ylmy-amaly maslahatlaryň ýygyndylarynda 700-den gowrak çap edilen ylmy iş.


Kafedranyň assistentleri çylşyrymly operasiýalary ýerine ýetirýärler, jogapkär hirurglar hökmünde nobatçylyk edýärler, maslahat berýärler, näsaglara gözegçilik edýärler, irdenki hirurgik maslahatlara, konsiliumlara, näsaglaryň barlagyna gatnaşýarlar. Işgärler ýurdumyzyň ähli sebitlerindäki näsaglara ýöriteleşdirilen hemaýaty üpjün edýärler, amallaryň özboluşly usullaryny ornaşdyrmak bilen garyn we döş boşlugynyň agzalarynda çylşyrymly operasiýalary ýerine ýetirýärler.


Esasy görkezijiler
5111
Talyplar
57
Ugurlar
449
Mugallymlar