Aspirantura bölümi Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň düzüm bölegi bolmak bilen, ol 2008-nji ýyldan bäri hereket edýär.

Bölümiň işiniň esasy maksady aspiranturada we doktoranturada ylmy we ylmy-pedagogiki işgärleri ýokary derejede taýýarlamagyň guramaçylygyny amala aşyrmakdan ybarat bolup durýar.

Bölüm öz işini şu ugurdan ýurdumyzda hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalary esasynda alyp barýar.

Häzirki wagtda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde lukmançylygyň ugurlaryna degişli 30-dan gowrak hünär boýunça aspiranturada we doktoranturada ýokary derejeli ylmy we ylmy-pedagogiki işgärler taýýarlanylýar.

Alnyp barylýan ylmy-barlag işler ýokanç we ýokanç däl keselleri anyklamaklyga we bejermeklige, ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikleri öwrenmeklige hem-de olardan derman serişdeleriniň öndürilişini ösdürmeklige, ýurdumyzyň şypahanalarynda bejeriş täsirli tebigy ýerli serişdeleriň ulanylyşyny ylmy taýdan esaslandyrmaklyga, epidemiologik abadançylygy saklamaklyga hem-de milli lukmançylyk mirasymyzyň gazananlaryny häzirki zaman lukmançylyk ylmyna ornaşdyrmaklyga we lukmançylygyň beýleki wajyp soraglaryna gönükdirilendir. Ylmy işler ýurdumyzyň ylmy we ylmy-kliniki merkezleri bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar.

Ylmy barlaglaryň netijeleri boýunça monografiýalar we gollanmalar taýýarlanylýar, syn berilýän ylmy neşirlerde makalalar çap edilýär. Amaly lukmançylyga oýlap tapyşyň çäklendirilen patentleri, rasionalizatorlyk teklipler hem-de innowasion bejeriş-anyklaýyş tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar.


Bölümiň işiniň esasy ugurlary:

 

Aspiranturada maksatnama boýunça ylmy we ylmy-pedagogiki işgärleri taýýarlamak işini guramak;

Doktoranturada ylmy işgärleri taýýarlamak işini guramak;

Ylymlaryň derejelerine dalaşgärleriň ylmy taýýarlygyny guramak;

Aspirantlary, doktorantlary taýýarlamak boýunça usulyýet-maslahat kömegini bermek hem-de okuw-usulyýet materaillaryny taýýarlamak;

Dissertasiýa işlerini resmileşdirmekde buýruklary we beýleki kadalaşdyryjy resminamalary taýýarlamak.

Esasy görkezijiler
5111
Talyplar
57
Ugurlar
449
Mugallymlar