MYRAT GARRYÝEW ADYNDAKY TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET LUKMANÇYLYK UNIWERSITETINIŇ DAŞARY ÝURTLAR BILEN HYZMATDAŞLYGY

 


Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen köp sanly daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-kliniki merkezleriniň arasynda ysnyşykly, birek-birege bähbitli gatnaşyklar ýola goýuldy.


Häzire çenli 2012-nji ýylda Akademiki we ylmy hyzmatdaşlyk barada Lukmançylyk uniweristeti bilen Belarus Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň arasynda, 2016-njy ýylda Hyzmatdaşlyk barada Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Pekiniň adaty hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň arasynda Ylalaşyk, 2018-nji ýylda Rumyniýanyň Karol Dawila adyndaky Lukmançylyk we farmasewtiki uniwersitetiniň arasynda akademiki we ylmy hyzmatdaşlyk hakynda  Ylalaşygy, 2019-nji ýylda “Moskwanyň Gelmgols adyndaky Göz keselleriniň ylmy – barlag institutynyň” federal döwlet býujet edrasaynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk gazanyldy, 2019-njy ýylda Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň ýokary bilimiň federal döwlet býujet bilim beriş edarasy Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň arasynda bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekildi, şeýle hem 2020-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Tbilisi döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen akademiki we ylmy hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekildi. 


Gazanylan Ylalaşyklara laýyklykda, ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň ylmy işleriniň ýygyndylaryny çap etmekleri, dissertasiýa işlerine bilelikde ýolbaşçylyk etmekleri, syn ýazmaklary, ylmy-amaly maslahatlaryny geçirmekleri ýola goýuldy.


Uniwersitetiň professor-mugallymlaryndan we talyplaryndan düzülen toparlar 2018-nji ýylda Belarus Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde, 2019-njy ýylda bolsa Rumyniýanyň Tyrgu Mureş adyndaky Lukmançylyk we farmasiýa, ylym we tehnologiýa uniwersitetinde we Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň ýokary bilimiň federal döwlet býujet bilim beriş edarasy Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetinde bolup, Arkadag Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopediki kitaplarynyň we ýurdumyzyň şypahanalarynda bejeriş we dikeldiş maksatlary bilen ulanylýan tebigy baýlyklary bilen tanyşdyrmaga bagyşlanan ylmy-amaly maslahatyny hem-de oňa gabatlap ýörite sergi gurnadylar.


Halkara tejribelerine esaslanyp, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, talyplar soňky ýyllarda tomusky önümçilik tejribeliklerini Belarus Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde we Pekiniň adaty hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň şahamçasy bolan Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherindäki Adaty gündogar lukmançylygy merkezinde geçýärler.


Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, 2011-nji ýyldan bäri Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda keselleri anyklamagyň we bejermegiň häzirkizaman usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak, lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça türkmen lukmanlaryna hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçmegi, nemes hünärmenleriniň Türkmenistana gelip, özara tejribe alyşmagy, ýurtlaryň kliniki merkezleriniň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmak, bilelikde ylmy işleri alyp barmak, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilen güni hem-de “Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni” mynasybetli yzygider geçirilýän Halkara serginiň we ylmy maslahatynyň işine Germaniýaly alym-lukmanlaryň ýokary işjeňlik bilen gatnaşmaklary, Germaniýaly dünýä belli lukmançylyk enjamlarynyň öndürijileri bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek we giňeltmek ýaly wajyp meseleler boýunça ysnyşykly gatnaşyklar alnyp barylýar.


Garaşsyzlyk ýyllary içinde lukmançylyk ylmy ugrunda Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşyna öwrülen Germaniýaly belli lukman-alymlarynyň ençemesine Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Hormatly professory, Hormatly doktory diýen Alymlyk derejeleri we atlary berildi.

Esasy görkezijiler
5118
Talyplar
57
Ugurlar
454
Mugallymlar