
2025-nji ýylyň 21-nji iýunynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde professor-mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda “Arkadagly ýaşlar Garaşsyz, Bitarap Watanyň gelejegidir” atly maslahat geçirildi. Maslahatda edilen çykyşlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda kemala gelen Arkadag şäheriniň açylmagynyň taryhy ähmiýetine, Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň häzirki döwrüň talabyna laýyk bilim-terbiýe almaklaryna, saglyk ulgamynda ýetilen sepgitlere we gazanylan üstünliklere bagyşlandy.
Maslahatyň çäginde ýylyň dowamynda ylmy, döredijilik, taslama we ders bäsleşiklerinde ýokary netijeleri görkezen göreldeli talyplara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.