Iç keselleriniň propedewtikasy kafedrasynyň müdiri


Salgysy:  Aşgabat ş., S.A.Nyýazow adyndaky bejeriş maslahat beriş merkezi, nefrologiýa bölümi, 1-nji gat

Tel: (+99312) 43-25-28

e-mail: 



Iç keselleriniň propedewtikasy kafedrasy 1932-nji ýylda Türkmen döwlet lukmançylyk institutynyň döredilmegi bilen öz işine başlady. Şol döwürde we ondan soň bu kafedra dünýäde hem-de ýurdumyzda belli bolan alymlar ýolbaşçylyk etdiler. Häzirki döwürde kafedra S.A.Nyýazow adyndaky Türkmenistanyň Bejeriş-maslahat beriş merkeziniň nefrologiýa bölüminiň binýadynda ýerleşýär.


Kafedrada kesel bejeriş, pediatriýa, keselleriň öňüni alyş, stomatologiýa, harby lukmançylyk, şeýle hem sport lukmançylygy fakultetleriniň başlangyç ýyl talyplary “Näsaglara umumy ideg” we “Iç keselleriniň propedewtikasy” derslerini öwrenýärler.


Kafedranyň işgärleri tarapyndan “Iç keselleriniň propedewtikasy”, “Terapewtiki näsaglara umumy gözegçilik” atly okuw kitaplary çap edildi, 60-dan gowrak usuly gollanmalar işlenip taýýarlandy, “Iç keselleriniň propedewtikasy” dersi boýunça kompýuter öwrediji we gözegçilik programmasy döredildi, beýan materiallary multimediýa prezentasiýalary we uniwersitetiň lukmançylyk kitaphanasy üçin elektron görnüşinde hödürlendi. Propedewtika - bu lukmany taýýarlamakda esasy kliniki dersleriň biri bolup, ony özleşdirmekde talyp ilkinji gezek öz nazary bilimini amaly lukmançylykda ulanýar.


Ylmy-barlag işi aşakda beýan edilen ugurlar boýunça alnyp barylýar: Türkmenistanyň şertlerinde dowamly delta-ýokanjynyň В, C gepatitleri bilen utgaşykly geçmeginiň kliniki-laborator aýratynlyklary, olary bejermegiň we öňüni almagyň usullarynyň kämilleşdirilmesi; dowamly böwrek ýetmezçiligini bejermekligi kämilleşdirmek; dowamly piýelonefritde sitohrom izofermentiniň işjeňligini öwrenmek. Kafedranyň ylmy işleri daşary ýurtlarda, Türkmenistanyň döwürleýin neşirlerinde, ylmy-amaly maslahatlaryň ýygyndylarynda çap edilýär. Kafedranyň mugallymlary Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň bäsleşiginde birnäçe gezek ýeňiji boldular.


Kafedranyň mugallymlary tarapyndan böwrekleriň, bagryň we öt haltasynyň dowamly kesellerini anyklamagyň, bejermegiň we öňüni almagyň häzirki zaman usullary ornaşdyryldy, lukmanlar üçin ylmy-amaly maslahatlar geçirilýär. Klinikalarda bejeriş- anyklaýyş işleri, kliniki barlaglar, konsiliumlar, maslahatlar we teleköprüler geçirilýär.


Talyplar kafedrada öz käri boýunça çuň we düýpli bilimleri özleşdirýärler. Näsagda keselden saplanjakdygyna, derman serişdeleriniň kömegi bilen we mähirli sözüň üsti bilen saglygyny doly dikeltjekdigine ynam we umyt döredip bilmeklik bejerişde aýgytlaýjy orny eýeleýär. Şonuň üçin kafedranyň professor-mugallymlarynyň düzümi talyplara hakyky ynsanperwerligi we rehimliligi ündeýärler.

 

Esasy görkezijiler
5111
Talyplar
57
Ugurlar
449
Mugallymlar