
2025-nji ýylyň 17-nji iýunda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli türkmeniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyna bagyşlanyp, daşary ýurt dillerinde mugallymlaryň we talyplaryň “Magtymguly Pyragy – ähli döwürleriň şahyry” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahatda köňülleriň buýsanjy bolan Magtymguly Pyragynyň nusgawy şygryýetiniň dil aýratynlyklary, beýik şahyryň Garaşsyz döwlet, erkinlik hakyndaky arzuw-islegleri, şeýle hem bagtyýarlygyň sermaýasy bolan edep-terbiýe, mertlik, watansöýüjilik barada daşary ýurt dillerinde edilen çykyşlar we çeper okalan goşgular maslahata gatnaşanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Talyp ýaşlaryň öz döreden goşgularynda eziz Watanymyza, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işlerine bolan egsilmez hoşallyk sözleri buýsançly ýaňlandy.