Keselleriň öňüni alyş fakulteti





Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň  Keselleriň öňüni alyş fakultetiniň dekany

Ataýew Gaýgysyz Öwezmuhammedowiç


Telefon:(+993 12)48-98-56 92-71-67 73-92-44

Salgysy: Тürkmenistan, ş. Aşgabat, Arçabil şaýoly 18, Baş binasy, 1 etaž, otag 1110



1990-njy ýylda döredilen keselleriň öňüni alyş fakultetinde bakteriologlar we epidemiologlar, sanitariýa lukmanlary we arassaçylyk işgärleri okadylýarlar. Türkmenistanyň öňüni alyş gullugynyň geljekki hünarmenlerini taýýarlamak işi häzirki zaman gigiýenanyň, epidemiologiýa we ekologiýa ugurlary boýunça lukmançylyk uniwersitetiniň dört kafedrasynda: lukmançylyk ekologiýasy we gigiýena, mikrobiologiýa, ýokanç keseller we epidemiologiýa, iýmit gigiýenasy kafedralarynda alty ýylyň içinde geçirilýär. Häzirki döwürde fakultetde 400-e golaý talyp okaýar. 


Häzirki zaman anyklaýyş enjamlary bilen üpjün edilen Ýokanç keseller merkeziniň klinikalary onuň esasy kliniki bazasy bolup durýar. Talyplar öz saýlan lukmançylyk hünäri boýunça diňe beýan we amaly sapaklarda däl, eýsem geçirilýän ylmy-barlag işlerinde-de häzirki zaman bilimlerini alýarlar. 


Fakultetde häzirki zaman ylmynyň, şol sanda biotehnologiýanyň ähli ugurlaryndan ylmy-barlag işleri bilen işjeň meşgullanýarlar. Ylmy iş bilen meşgullanmak isleýänler fakultetiň kafedralarynda alnyp barylýan ylmy gurnaklara gatnaşýarlar. Keselleriň öňüni alyş fakulteti talyplara okuwlarynda zehinlerini, ýolbaşçylyk  häsiýetlerini ýüze çykarmaga çäksiz mümkinçilikleri berýär, şonuň üçin üstünlikli we işjeň uçurymlar ýokary lukmançylyk mekdebiniň kafedralarynda ylmy-   pedagogik işler üçin hödürlenip bilerler.







Esasy görkezijiler
5111
Talyplar
57
Ugurlar
449
Mugallymlar