21

MYRAT GARRYÝEW ADYNDAKY TÜRKMENISTAN DÖWLET LUKMANÇYLYK UNIWERSITETINIŇ TALYBY «LOMONOSOW-2026» HALKARA UNIWERSİADASYYNDA ULY ÜSTÜNLIK GAZANDY

Kardiologiya merkezi

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow — 2026» Uniwersiadasynda ýokary netijeleri gazandylar.

Intellektual bäsleşik iki tapgyrda geçirildi. Gaýybana geçirilen birinji, saýlama tapgyrynda oňa gatnaşyjylara lingwistika boýunça özbaşdak ylmy barlagyň tezisli beýannamasyny ýazmak işi berildi. Uniwersiadanyň baryp gatnaşmak arkaly Moskwada geçirilen ikinji, jemleýji tapgyry saýlap alanyňa baglylykda, daşary ýurt dili boýunça lingwistik ýumuşlary özünde jemledi.

Uniwersiadanyň çäklerinde türkmen talyplary rus, iňlis we fransuz dillerini kämil bilýändiklerini görkezdiler. Çäräniň guramaçylary hem daşary ýurt dilleri boýunça olaryň taýýarlygynyň ýokary derejededigini bellediler.

Bäsleşigiň finalynda ýokary okuw mekdepleriň 5-sinden talyplaryň 27-sy Türkmenistana wekilçilik etdiler.

Uniwersiada, däp boýunça, dört ugur: «Lingwistika», «Russiýanyň sebitlerini öwreniş», «Daşary ýurt sebitlerini öwreniş» we «Medeniýeti öwreniş» boýunça geçirilýär.

Uniwersiadanyň lingwistika ugrunda lukmançylyk uniwersitetimiziň 4-nji ýyl talyby Kamila Hudaýbergenowa ikinji orna mynasyp boldy.