29

Türkmen döwlet medeniýet instituty ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda “Türkmenistanyň taryhy” dersi boýunça geçiriljek onlaýn bäsleşigi

merkezi

Türkmen döwlet medeniýet instituty şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340 belgili Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyny amala aşyrmak, bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, 2024-nji 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimizi, edebiýatymyzy, şöhratly taryhymyzy täze nazaryýet esasynda düýpli öwrenmek hem-de ylmy taýdan beýan etmek” hakyndaky tabşyrygyny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly wezipeleriň durmuşa geçirilmegine ýardam etmek, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan buýsanjyny artdyrmak, ýaşlarda watansöýüjilik duýgusyny has-da berkitmek hem-de zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen “Türkmenistanyň taryhy” dersi boýunça onlaýn ders bäsleşigini geçirýär.

                                     I. UMUMY DÜZGÜNLER

     Şu düzgünnama Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Türkmenistanyň taryhy” dersi boýunça onlaýn ders bäsleşigini guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, bäsleşigi geçirmegiň tertibini kesgitleýär.

   “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” we Türkmenistanda durmuş-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmegiň Döwlet Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde geçiriljek “Türkmenistanyň taryhy” dersi boýunça onlaýnbäsleşigininiň esasy wezipeleri Garaşsyz Watanymyza, mähriban halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly ýaşlarymyzda türkmeniň taryhyny ylmy esasda çuňňur öwrenmek we taryhymyza bolan buýsançlaryny atrdyrmak, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti paýhasyndan çykan eserleriniň many-mazmunyna has-da giňişleýin düşünmek we ýaşlaryň arasynda wagyz işlerini ýokarlandyrmak maksady bilen ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýiti zehinli talyplary ýüze çykarmakdan ybaratdyr.

  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Internet tehnologiýalarynyň çalt depginler bilen ösýän, okatmagyň täze innowasion tehnologiýalarynyň döreýän we döwletimiziň dünýäniň sanly bilim giňişligine goşulýan döwründe esasan hem “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyňýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän onlaýn bäsleşikler ynsanperwer ugurly dersleriň okadylyşyny has-da kämilleşdirmäge, ýiti zehinli we başarjaň talyp ýaşlary ýüze çykarmaklyga ýardam eder.

II. BÄSLEŞIGIŇ GEÇIRILIŞ TERTIBI WE ŞERTLERI

1.   Bäsleşik 2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň 18-ine sagat 14:00-da hasaba alnan ýokary okuw mekdeplerinde bir wagtda başlanar wegatnaşýanlaryň ählisiwideoşekilli 

aragatnaşyk arkaly göni ýaýlymda görkeziler.

2. “Türkmenistanyň taryhy” dersi boýunça onlaýn bäsleşigi ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilip, her bir ýokary okuw mekdebinden 4 (dört) talyp gatnaşyp biler we guramaçy institutyň sanly bilim portalynyň binýadynda her ýokary okuw mekdebiniň özünde onlaýn gömüşinde gatnaşmak arkaly geçiriler.

3.  Bäsleşige gatnaşýan ýokary okuw mekdebi bäsleşige 25 sany test soragy hödürläp biler. Hödürlenen meseleler anyk jogaplary bilen bäsleşigi geçirýän ýokary okuw mekdebine ugradylmaly. Teklip edilýän test soraglary “Türkmenistanyň taryhy” dersine we Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň eserlerine degişli bolup biler. Bäsleşigi gurnaýan ýokary okuw mekdebi hödürlenen soraglaryň içinden 50 sany test soragy saýlanylar. Her bir sorag 4 sany jogap(Jogaplaryň biri dogry) görnüşde taýýarlanar. Her bir dogry jogaba 2 bal berilýär. Testi işlemekligiň dowamlylygy 60 minut.

4.  Gatnaşyjylara bäsleşigiň geçýän wagtynda öz ýany bilen mobil enjamlaryny we       islendik gözükdiriji, serişdeleri, maglumat göterijileri we beýleki sanly serişdeleri ulanmaga rugsat berilmeýär. Talyplar sowaly özbaşdak işlemeli.

5.   Bäsleşigiň geçirilýän wagtynda goşmaça kömek edilen, töweregindäki adamlar bilen gürrüň eden ýa-da kitap-gazet makalalaryny ulanan ýagdaýynda gatnaşyjy bäsleşige gatnaşýanlaryň hataryndan çykarylar.

6. Wideo aragatnaşygy üpjün etmeklik üçin web kamera, internet arkaly Zoom programmasynda institut tarapyndan baglanşyk ssylkasyny bäsleşigiň geçirilmeli güninden 1 gün öň ugradylar. Bäsleşigiň dowamynda wideo gözegçini (Kamerany) öçürmek we mikrofony ýapmak gadagan edilýär.

7.  Bäsleşige gatnaşyjy talyplar toparyna ýolbaşçylyk edýän mugallymlaryň elektron poçtalaryna ugradyljak salgy boýunça birikdirilmelidir.

8.  Bäsleşige gatnaşjak talyplar we jogapkär mugallym baradaky maglumatlary hem-de ýokary mekdepleri öz taýýarlan testlerini (25 sany) 2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň 10-yna çenli aşakda görkezilen nusga laýyklykda word (*.docx) faýlynda)  tdmi@sanly.tm salgysyna ugratmaly. Institutyň saýtyna girmeli bolar we saýtda görkezilen ders bäsleşigi menýusyna girip amala aşyrylar.

ÝOKARY OKUW MEKDEBINIŇ ADY

T/bTalybyň familiýasy, ady we atasynyň adyÝyly, hünäri(El telefony, elektron ) poçtasynyň salgysy
1.
2.
3.
4

Jogapkär mugallymyň familiýasy, ady we atasynyň ady, wezipesi, telefon belgisi

III. BÄSLEŞIGIŇ  EMINLER WE GÖZEGÇILIK TOPARY

1.        Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda

          “Türkmenistanyň taryhy” dersi boýunça onlaýn bäsleşigini üstünlikli       geçirmek we jemini jemlemek üçin Türkmen döwlet medeniýet instituty tarapyndan eminler topary döredilýär.

2.        Ýokary okuw mekdeplerinden jogapkär mugallymlar bäsleşigiň geçirilişine onlaýn wideoşekilli aragatnaşyk ulgamy arkaly gözegçilik edip biler.

3.        Bäsleşige gatnaşýan talyplarynyň işleriniň netijeleri boýunça düşünişmezlik ýüze çykan ýagdaýynda olara ýolbaşçylyk edýän mugallym guramaçylyk bahalandyryş toparyna arz-şikaýat bilen görkezilen elektron poçta arkaly ýüz tutup biler.

4         Arz-şikaýatlar, ýüz tutmalar eminler topary tarapyndan seredilýär we onuň ahyrky netijesini eminler toparynyň başlygy kesgitleýär. Gutarnykly netije üýtgedilmäge degişli däldir.

                             IV. NETIJELERINI JEMLEMEK WE ÝEŇIJILERI

SYLAGLAMAK

 1.     Bäsleşikde toplanan ballaryň iň ýokary mümkinçiligi 100 bal.

 2.Bäsleşigiň netijesi her gatnaşyjynyň toplan ballarynyň jemi boýunça       

         kesgitleniler we beýanlar arkaly reşmileşdiriler.

3.      Eminler toparynyň netijenamasy esasynda bäsleşige gatnaşan talyplaryň 50%            

         ýeňiji diýip yglan ediler we olar I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanar.

               

Habarlaşmak üçin telefonlar: +993 482863, +99365056749

                    E-mail: tdmi.info@mail.ru, bmedeniýetagmail.com