10

Myrat Garryýew adyndaky TDLU-da Açyk gapylar güni geçirilýär

merkezi

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti 2026-njy ýylda ýokary okuw mekdebimize okuwa girmek isleýän ýaşlar üçin “Açyk gapylar” gününi geçirýär. “Açyk gapylar” güni 2026-njy ýylyň 1-nji maýynda uniwersitetimiziň baş binasynda ýerleşýän mejlisler zalynda sagat 15:00-da başlanýar. Ol gün ýaşlar ýokary okuw mekdebimiz bilen ýakyndan tanyşdyrylar, olara uniwersitete girmek üçin gerekli resminamalar, okuw mekdebimizde taýýarlanýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, ylmy, bejeriş hem-de medeni-köpçülik işleri barada giňişleýin maglumat berler.

Uniwersitetimiziň salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 18-nji jaý.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 48-98-51; 48-98-52.