26

MALIÝE DERSI BOÝUNÇA TALYPLARYŇ ARASYNDA III AÇYK HALKARA INTERNET OLIMPIADASY

merkezi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty ýokary okuw mekdepleriň talyplaryny 2026-njy ýylyň 13-nji noýabrynda Maliýe dersi boýunça talyplaryň arasynda geçiriljek III Açyk Halkara internet olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar. Bu Olimpiadanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we mugallymlarynyň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary berkitmek, şeýle hem özara ylmy, amaly bilimleri we tejribe alyşmak üçin mümkinçilikleri döretjekdigine ynanýarys.

Olimpiadanyň resmi dilleri türkmen, iňlis we rus dilleridir.

Olimpiada talyplaryň arasynda özbaşdak bäsleşik görnüşinde geçiriler. Olimpiada okaýan hünärine bagly bolmazdan her ýokary okuw mekdebinden 4-den (dörtden) köp bolmadyk talyplar gatnaşyp biler.

Olimpiadanyň ýeňijileri toplanan ballaryň netijeleri bilen kesgitlenýär.

Olimpiada bilen baglanyşykly goşmaça maglumatlar we bildirişler institutyň https://tsiem.edu.tm/ web-saýtynda ýerleşdiriler.

Olimpiada gatnaşyjylar baradaky maglumatlar 1-nji goşunda laýyklykda 2026-nji ýylyň 10-njy noýabryna çenli aşakda görkezilen elektron poçtalara iberilmeli:

 tsiem.olymp@gmail.com, tsiem.muhanow@gmail.com

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Telefon: +993 12 48 62 73, +993 62 03 59 90

Elektron poçta: tsiem.olymp@gmail.com, tsiem.muhanow@gmail.com

https://education.gov.tm/competition-details/241