
2025-nji ýylyň 9-njy maýynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda ýurdumyzda 2025-nji ýylyň 4-8-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriniň III maslahatyna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden gatnaşjak ýaş wagyzçylary bilen geçiriljek okuwlaryň meýilnamasyna laýyklykda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň saýlanan ýaş wagyzçylary hem-de meýletinçileri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň guramagynda geçirilen “Halkara salyhatlylygyň döwlet simwollary (nyşanlary) we döwletleriň milli mukaddeslikleri bilen baglanyşykly kadalar” atly onlaýn seminara gatnaşdylar.