
2025-nji ýylyň 14-15-nji apreli aralygynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň düzüminde hereket edýän ÝUNESKO kafedralarynyň we klublarynyň ýolbaşçylaryndan hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň referentinden ybarat türkmen wekiliýeti Gazagystan Respublikasyndaky ÝUNESKO kafedralarynyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Milli Klublar Federasiýasynyň köpýyllyk tejribesini öwrenmek we alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyşmak maksady bilen Almaty şäherinde iş saparynda boldular.
Saparyň ilkinji güni wekiliýet, A. Kasteýew adyndaky Sungat we Dizaýn Mekdebinde hereket edýän «Taleýran» ÝUNESKO klubynyň we Al-Farabi adyndaky Gazak Milli Uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklary fakultetinde hereket edýän ÝUNESKO klubynyň alyp barýan işleri bilen tanyş boldular. Duşuşyklaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.
15-nji aprelde, Gazagystanyň ÝUNESKO kafedralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi, ol ýerde taraplar özara tejribe alyşdylar we geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem wekiliýet, Gazagystanyň Klublar Federasiýasynyň sekretariatyna baryp, bilelikdäki taslamalar boýunça pikir alyşdylar. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň düzüminde hereket edýän ÝUNESKO kafedralarynyň we klublarynyň alyp barýan işleri boýunça çykyşlar uly gyzyklanma eýe boldy.
Bu sapar, iki ýurduň bilim we medeniýet ulgamyndaky gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm ädim boldy.