
2025-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda ýaşlaryň arasynda geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijileri belli boldy. Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy Mähri Gurbanowna Nurlyýewa, Psihiatriýa, narkologiýa we medisina psihologiýasy kafedrasynyň kliniki ordinatory Leýla Raşidowna Meredowa, Terapewtiki stomatologiýa kafedrasynyň kliniki ordinatory Göwherbibi Bazargeldiýewna Nurmyradowa, Çaga hirurgiýasy kafedrasynyň kliniki ordinatory Aky Maksadowiç Akyýew Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň 2025-nji ýylda ylmy işler boýunça bilelikde geçiren bäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we degişli baýraklar bilen sylaglanyldy.