Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde wagyz-nesihat maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Içeri Işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikdäki tassyklanan meýilnamasyna laýyklykda talyp ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak, hukuk bilimlerini artdyrmak, zyýanly endikleriň adamyň saglygyna ýetirýän zyýany baradaky sowatlygyny ýokarlandyrmak, ýaşlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, hukuk bozulmalaryny duýdurmaga, jenaýatçylygyň öňüni almaga hem-de türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini, milli däp-dessurlaryny giňden wagyz etmek şeýle hem täze ýyl baýramynyň bellenýän günlerinde talyp ýaşlaryň arasynda tertip-düzgüni berk berjaý etmeklerini gazanmak maslahadyň esasy maksady boldy.