2025-nji ýylyň 12-15-nji dekabry aralygynda Hytaý halk Respublikasynyň Gonkong şäherinde ÝUNESKO Klublarynyň we Assosiýalarynyň Bütindünýä Federasiýasynyň Gonkong ÝUNESKO Assosisiýasy bilen bilelikde geçiren «Neýrotehnologiýanyň etikasy» atly 4-nji halkara ÝUNESKO modeli bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyryna Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kesel bejeriş fakultetiniň 3-nji ýyl talyby, «Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz» ÝUNESKO klubynyň işjeň agzasy Emir Sopyýew Türkmenistanyň wekili hökmünde gatnaşyp, “Bioetikanyň düzgünleri” ugry boýunça “Neýrotehnologiýanyň sanly lukmançylykda etiki ulanylyş düzgünleri” atly ylmy işi bilen üstünlikli çykyş edip, “Iň gowy finalist” diýen ada eýe boldy we Diplom bilen sylaglandy.
Halkara bäsleşik 3 tapgyrda geçirilip, onuň birinji tapgyrynda gatnaşyjylar öz ýurdy we ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlykda alnyp barylýan işler dogrusynda çykyş etdiler. Ikinji tapgyrda neýrotehnologiýanyň ösüş strategiýasy boýunça çykyşlar guraldy. Gatnaşyjylar emeli aňyň täze ugurlaryny hödürläp, neýrotehnologiýanyň giň mümkinçilikleri barada tekliplerini beýan etdiler. Bäsleşigiň üçünji tapgyrynda gatnaşyjylar tarapyndan taýýarlanan strategiýalara ses bermek işi geçirildi.
Bu halkara bäsleşik ýaşlaryň neýrotehnologiýa we onuň etiki taraplaryna bolan bilimlerini çuňlaşdyrmaga, olaryň halkara derejede pikir alyşmagyna hem-de ÝUNESKO-nyň ýörelgelerine laýyklykda ylmy başlangyçlaryny ösdürmäge giň mümkinçilik döretdi. Şeýle hem talyp ýaşlarymyzyň bu bäsleşikdäki üstünlikli çykyşy ýurdumyzyň ýaşlarynyň halkara derejede bilimli, döredijilikli we döwrebap meseleler boýunça ýokary taýýarlyklydygyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.