“Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini esaslandyryjydyr” atly okuw maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň döredilmeginiň halkara ähmiýetini giňden düşündirmek maksady bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini esaslandyryjydyr” atly professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.