
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçirilen “Lukmançylyk ylmynyň we biliminiň innowasion ösüşleri” atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň çäklerinde dört sany bölümçelerde maslahatlar üstünlikli geçirildi. Gibrid görnüşinde geçirilen duşuşyklar dürli ýurtlaryň hünärmenleriniň bir ýere jemlenmegine we häzirki zaman lukmançylygyk amalynda hem-de biliminde wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolup hyzmat etdi.
Bölümleriň mowzuklary düýpli ylmy gözleglerden başlap, kliniki tejribä çenli ugurlary öz içine aldy. Bölümçelerde dürli keselleri anyklamak, bejermek we öňüni almak, saglygy goraýyşy sanlaşdyrmak, biolukmançylyk tehnologiýalary, şeýle hem lukmançylyk uniwersitetleriniň talyplaryny okatmagyň innowasion çemeleşmeleri barada çykyşlar edildi.
Çykyşlar işjeň özara pikir alyşmak görnüşinde geçip, olarda hünärmenleriň hünär garaýyşlary, amaly tejribeleri we ylmy gözlegleriň netijeleri öz beýanyny tapdy. Aýratynam lukmançylykda dersara baglanyşyk, kliniki anyklaýyşda emeli aňyň ulanylmagy we häzirki zaman IT çözgütleri ulanyp bilim ulgamynyň kämilleşmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn orun berildi.
Bölümçeler halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylaryň ýokary ylmy taýýarlygyny görkezdi we halkara ylmy hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak üçin möhüm ädim boldy.