“Durnukly ösüşiň gazanylmagynda Ýaşlaryň ekologiýa biliminiň orny” atly onlaýn ylmy-amaly maslahaty

2025-nji ýylyň 28-nji maýynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi” ÝUNESKO kafedrasy tarapyndan geçirlen Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Durnukly ösüşiň gazanylmagynda Ýaşlaryň ekologiýa biliminiň orny” atly onlaýn ylmy-amaly maslahatyna Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” atly ÝUNESKO Klubynyň işjeň agzalary gatnaşdylar we çykyş etdiler.