TDLU
Habarlar
“Edermen esger Berdimuhamet Annaýewiň gahrymançylykly zähmet we söweş ýoly ýaşlar üçin nusgalyk mekdepdir” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
“Edermen esger Berdimuhamet Annaýewiň gahrymançylykly zähmet we söweş ýoly ýaşlar üçin nusgalyk mekdepdir” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

2025-nji ýylyň 5-nji maýynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan “Ýeňiş güni” mynasybetli professor-mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda “Edermen esger Berdimuhamet Annaýewiň gahrymançylykly zähmet we söweş ýoly ýaşlar üçin nusgalyk mekdepdir” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahatyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň mähriban atasy Berdimuhamet Annaýewiň geçen durmuş ýoly, görkezen merdanalygy, gaýduwsyzlygy baradaky söhbetdeşlik erş-argaç bolup geçdi. Watan mukaddesliginiň, Watany başynyň täjine deňeýän talyplaryň eden çykyşlary has hem täsirli boldy.