“Döwlet baýdagy – berkararlygyň we bagtyýarlygyň beýik mukaddesligi” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

2025-nji ýylyň 16-njy maýynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Döwlet baýdagy – berkararlygyň we bagtyýarlygyň beýik mukaddesligi” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahatda Döwletimiziň dünýä nusgalyk esasy kanuny bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň türkmeniň beýik ösüşleriniň badalgasydygy we häzirki döwürde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Hormatly Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda geçirilýän Konstitusion özgertmeler barada edilen çykyşlar professor-mugallymlaryň hem-de talyplaryň arasynda uly täsir galdyrdy edildi.