
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» we «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» talaplaryny durmuşa geçirmek hem-de, «Türkmenistanda ýaşlary hünäre ugrukdyrmak işlerini geçirmek barada Gözükdirijiniň» talaplaryny berjaý etmek, ösüp gelýän ýaş nesliň alýan bilimlerini çuňňur özleşdirmäge bolan höweslerini artdyrmak, zehinli mekdep okuwçylaryny ýüze çykarmak we goldamak maksady bilen 2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň 17-ne uniwersitetimizde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen Biologiýa dersi boýunça bäsleşigiň döwlet tapgyrynyň jemi jemlendi.
Bäsleşigiň çäginde uniwersitetimiz bilen tanyşlyk, paýtagtymyzyň gözel ýerlerine syýahat hem-de dabaraly ýagdaýda sowgat gowşurylyşyk ýaly çäreler gurnaldy.
Çekeleşikli geçen bäsleşikde has gowy netije görkezen Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Muhammetnazarowa Gyzylgül I orna, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 20-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Esenowa Aýlar, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň 15-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Atamyradowa Güljahan II orna, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Kakamyradow Annarejep, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň 40-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Seýitkulyýewa Arzuw hem-de Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Nurmyradow Döwletmyrat III orna mynasyp boldylar.