ÝUNESKO klubynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik gurnaldy

2025-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan üstünlikli Döwlet syýasatynyň esasynda iň mukaddes, hormatlanýan kärleriň biri bolan mugallymçylyk hünärini ösdürmek we talyp ýaşlaryň arasynda görelde mekdebini ýola goýmak üçin döredilýän giň mümkinçilikleri wagyz etmek maksady bilen ÝUNESKO-nyň çäginde bellenilýän Halkara mugallymlar güni mynasybetli Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” atly ÝUNESKO klubynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik gurnaldy.