“Kadaly fiziologiýa” dersinden geçirilen bäsleşigiň netijeleri

2021-nji ýylyň 6-njy maýynda sanly bilim portalynyň üsti bilen Kadaly fiziologiýadan bäsleşik geçirildi. Bäsleşige kesel bejeriş, pediatriýa, sport lukmançylygy, harby lukmançylygy fakultetleriniň we kesel bejeriş fakultetiniň “Lukmançylyk-durmuş gorag işi” hünäriniň 2-nji ýyl talyplary gatnaşdylar. Baýrakly orunlara kesel bejeriş, sport lukmançylygy we harby lukmançylygy fakultetiniň talyplary mynasyp boldular:

I orun – Aýgözel Annamyradowa, Tawusbibi Gurbannazarowa, Aýnur Seýidowa.

II orun – Ogulbaýram Akmyradowa.

III orun – Garajagöz Mämmedowa, Aýna Arslanowa.