Biologiýa dersinden IV Halkara internet olimpiadasy öz işini tamamlady
2025-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde üç gün dowam eden biologiýa dersinden IV Halkara internet olimpiadasy öz işini tamamlady.
Olimpiadanyň jemleri boýunça eminler topary tarapyndan ýeňijiler kesgitlenildi we üstünlikli çykyş edip, ýeňiji diýlip yglan edilen talyplar degişlilikde 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli Diplomlar bilen sylaglanyldy.
Ders bäsleşiginiň netijesinde 230 sany talyp ýeňiji diýlip yglan edildi. Olardan 43-si 1-nji orny, 72-si 2-nji orny, 115-si 3-nji orny eýelediler.
Netijäni görmek üçin şu ýere basyň!


