Lukmançylyk uniwersitetiniň ÝUNESKO klubynyň hasabatlary diňlenildi
2026-njy ýylyň 10-njy fewralynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty tarapyndan Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” ÝUNESKO klubynyň geçen bir ýylyň dowamynda alyp baran işleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem şu ýylyň dowamynda alnyp baryljak işleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
