M.Garryýew ad. TDLU-da Açyk gapylar güni geçirildi

2025-nji ýylyň 2-nji maýynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde açyk gapylar güni geçirildi. Lukmançylyk uniwersitetiň profesor-mugallymlary ýokary okuw mekdepde taýýarlanylýan hünärler barada giňişleýin gürrüň berdiler. Talyp durmuşynyň köp taraplydygyny görkezýän uniwersitetiň okuw-terbiýeçilik, ylmy, bejeriş hem-de medeni-köpçülik çärelerine aýratyn üns berildi.

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçirilen açyk gapylar güni, geljekki talyplar üçin möhüm bir waka bolup, bu ýerde olar lukmançylyk pudagynda öz maksatlaryna ýetmek üçin gymmatly maglumatlary aldylar.