Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabyna bagyşlanyp iňlis dilinde olimpiada geçirildi

2025-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň many-mazmunyny açyp görkezmek hem-de ýaşlaryň arasynda giňden wagyz-nesihat etmek maksady bilen, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda “Hakyda göwheri” atly kitabyna bagyşlanyp iňlis dilinde geçirilen olimpiadada uniwersitetimiziň pediatriýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyplary Leýli Adylbekowa, Soltan Kuliýewa we kesel bejeriş fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Näzlihan Rejepdurdyýewa II orna, şeýle hem pediatriýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Ogulgerek Ataýewa we kesel bejeriş fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Malika Rozmetowa III orna mynasyp boldular.